logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Şahyrym!
  25.04.2024
888
Şahyrym!

Akyldarym hasyl boldy arzuwyň,

Wysal tapdy köňülleriň isläni.

Öwüde-ündewe ýugrulan sözüň,

Millionlara ýetýär kitabyň sany.

                                                

Şygyrlaryň, şygryýetiň şerbeti,

Olaryň köp ýerde degýändir nepi,

Dogry ýola gönükdirýär her kesi,

Söz mülkiniň şasy bolan şahyrym!

 

Ölçäp bolmaz beýikligňi şahyrym,

(Beýikleri ölçäp bolmaz ahyry)

Zöhre gyzyň söýgüsiniň Tahyra

Beýany deý yşka uçran şahyrym!

 

Köp  taryp ederdiň diýip “Meňli han”,

Şygyrlarňy okap köňüller lerzan,

Şol gözel gyz üçin urunyp her ýan,

Müň derdiň bir meýin içen şahyrym!

 

Şygyr ummanynda gulaçlap ýüzen,

Elmydam dogry söz, dürs pikir ýazan,

Berkarar döwleti öňünden syzan,

Şöhlesi bihasap nursuň şahyrym!

 

Sopular ýaňylyp aýtsalar azan,

Sen “söz” atly guýy:ň düýbüni gazap,

Aýdyşykda niçe şahyrdan ozan,

Keremli kelamyň bardyr şahyrym!

 

Aýnur Hudaýbergenowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.