logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /«Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi
  04.03.2026
479
«Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkezinde diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin guralan gysga möhletleýin okuw sapagy üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.

 

Okuwa ýurdumyzyň daşary syýasat ulgamynda zähmet çekýän diplomatlar hem-de hünärmenler, şol sanda daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Şahadatnamalary diplomatik gullukda baý tejribe toplan diplomatlar hem-de institutyň professor-mugallymlary dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

 

Çäräniň ahyrynda ýaş hünärmenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza diplomatik gullugy ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle-de olar öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

 

Ogulbibi Baýrammämmedowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.