logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy
  27.02.2026
536
Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy

Eziz Watanymyzyň baý tebigy mirasyny hem-de onuň ajaýyp gözelligini gorap saklamak we geljek nesillere abadan ýagdaýda ýetirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

 

Tebigat adamzat üçin örän uly gymmata eýedir. Ol biziň dem alýan arassa howamyz, içýän suwy, hasyl berýän topragymyzdyr. Tebigat saglygymyzyň, ykdysady abadançylygymyzyň we gündelik durmuşymyzyň binýadydyr. Adamlar nebit, gaz, dürli minerallar ýaly tebigy serişdeleri peýdalanyp ýaşaýyş üçin zerur bolan serişdeleri öndürýärler, ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar, egin-eşik hem-de häzirki zaman tehnikalary taýýarlaýarlar. Şonuň üçin her bir adam tebigatyň ýaşaýşyň esasy çeşmesidigine düşünmelidir. Ony goramak we aýawly saklamak umumy borjumyzdyr. Jemgyýetimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini we bilimini ösdürmekdir.

 

Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri we daşky gurşawy önümçilik hem-de tehniki täsirlerden goramak dünýä derejesinde möhüm meseleleriň hataryna girýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu ugra aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýä ekologiýa gaznasy ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda milli hem-de sebit derejelerinde köp sanly ekologiýa taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

 

Ýurdumyzda suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi gorap saklamak, tebigy landşaftlary aýawly saklamak, çölleşmäniň we tokaýlaryň azalmasynyň öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ekologik taýdan howply iş alyp barýan ähli edaralar we kärhanalar, şol sanda daşary ýurt kompaniýalary, olaryň şahamçalary hem-de telekeçilik bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologik ätiýaçlandyryş ulgamy girizildi.

 

Aýnur ANNAGURBANOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.