logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Science and Education /Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär
  21.02.2026
437
Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär

Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek geodeziýa boýunça V internet-olimpiada gatnaşjaklar üçin hasaba alyş işi başlandy.

 

Oba hojalyk institutynyň Meliorasiýa fakulteti tarapyndan guralýan bu bäsleşik 16-njy aprelde geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler we taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdebinden bäşden köp bolmadyk talybyň gatnaşmagyna rugsat berilýär.

 

Olimpiada şahsy görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylar üçin 50 sowaldan ybarat test taýýarlanyldy we ony ýerine ýetirmek üçin 100 minut wagt göz öňünde tutulýar.

 

Netijeler boýunça iň ýokary utuk toplan talyplar ýeňiji diýlip yglan ediler. Jemler şahsy hem-de toparlaýyn hasapda çykarylar. I, II we III orunlara mynasyp bolan talyplara degişli derejeli diplomlar gowşurylar.

 

Olimpiada gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepleri 1-nji aprele çenli guramaçylyk toparyna gatnaşjak talyplaryň sanawy we toparyň jogapkär ýolbaşçysy baradaky maglumatlary görkezilen elektron salgysyna ibermelidirler.

 

Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen institutyň resmi internet sahypasynda tanşyp bolýar. Goşmaça maglumat üçin telefon belgiler: +99362733905; +99364264160.

 

Türkmen oba hojalyk institutynda hünär ugurly olimpiadalar we intellektual bäsleşikler yzygiderli guralýar. Şeýle çäreler talyplaryň nazary we amaly bilimlerini çuňlaşdyrmaga, möhüm ylmy meseleleri çözmek ukyplaryny ösdürmäge hem-de özbaşdak iş alyp barmak başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Şeýle hem olar ýaşlaryň döredijilik hem-de ylmy işjeňligini ýokarlandyrmaga, bilim derejesine obýektiw baha bermäge giň mümkinçilik döredýär.