logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Science and Education /Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek
  24.02.2026
471
Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek

Häzirki zaman bilim ulgamynda çagalaryň diňe bir maglumatlary ýatda saklamagy däl, eýsem olary düşünip, durmuşa ulanmagy möhüm wezipe bolup durýar. Şeýle ugurlaryň biri hem matematiki düşünjäni ösdürmekdir. Matematika köplenç çylşyrymly, gurak sapak hökmünde kabul edilýär emma edebi eserlerden ýerlikli peýdalanmak arkaly bu ylym çagalara has düşnükli, gyzykly we täsirli görnüşde ýetirilip bilner.

 

Edebiýat — bu duýgular, wakalar, keşpler we durmuş bilen baglanyşykly çeper dünýädir. Çagalar ertekileri, hekaýalary, goşgulary höwes bilen okaýarlar we diňleýärler. Hut şu gyzyklanma matematiki düşünjeleri öwretmek üçin amatly mümkinçilik döredýär. Mysal üçin, ertekilerde üç dogan, ýedi gün, kyrk gül ýaly san düşünjeleri ýygy-ýygydan duş gelýär. Mugallym şeýle mysallaryň esasynda sanamak, deňeşdirmek, köp-az gatnaşyklaryny düşündirip biler. Şeýlelikde, matematika durmuş wakalary bilen baglanyşdyrylyp öwredilip bilner.

 

Mundan başga-da, çeper eserlerde meseleli ýagdaýlar döredilýär. Mysal üçin, bir hekaýada gahryman bazardan üç alma satyn alýar we olaryň birini dostuna berýär. Şeýle ýagdaýy matematiki mesele hökmünde goýup, “Näçe alma galdy?” diýen sowaly bermek arkaly çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmek bolýar. Şeýle usul çagalaryň diňe sanamagyny däl, eýsem logiki pikirlenmegini hem kämilleşdirýär.

 

Goşgular hem matematiki düşünjäniň ösdürilmeginde peýdaly bolup biler. Ritm we gaýtalanma arkaly sanlary ýatda saklamak aňsatlaşýar. Mysal üçin, sanlar baradaky şygyrlar ýa-da sanama oýunlary çagalaryň ünsüni jemlemäge kömek edýär. Şeýle çemeleşme aýratyn-da başlangyç synplarda netijeli bolýar.

 

Edebi eserleriň üsti bilen geometrik düşünjeleri hem öwretmek mümkin. Mysal üçin, jaýyň şekili, tegelek Aý, göniburçly penjire ýaly beýanlar arkaly şekiller, ölçegler we giňişlik düşünjeleri düşündirilýär. Şeýlelikde, çaga matematiki düşünjäni diňe formulalar arkaly däl-de, eýsem göz öňüne getirmek arkaly hem kabul edýär.

 

Netijede, edebi eserlerden peýdalanyp matematiki düşünjäni öwretmek — bu döredijilikli, täsirli we innowasion çemeleşmedir. Şeýle usul çagalaryň matematika bolan gyzyklanmasyny artdyrýar, olaryň pikirlenişini ösdürýär we sapagy has täsirli edýär. Şeýlelikde, edebiýat bilen matematika utgaşdyrylyp, çaga giň dünýägaraýyşly we döredijilikli şahsyýet hökmünde kemala gelýär.

 

Aýnäzik EZIZOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň talyby.