logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Economics /IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär
  03.03.2026
204
IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär

IFT 2026: «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri meýilnama laýyklykda dowam edýär hem-de döwlet derejesinde aýratyn üns merkezinde saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara maýa goýum forumyny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geçiriljek çärelere daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň takmynan 70-e golaýynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem çärä degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.

 

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, hususy pudagy yzygiderli ösdürmegiň, telekeçilik işini kämilleşdirmegiň hem-de milli ykdysadyýete maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de halkara serginiň we maýa goýum forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

 

IFT 2026 maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususy pudagyň taslamalaryny ilerletmek hem-de işewür gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm halkara meýdança bolar. Forum anyk netijelere gönükdirilip, gepleşikleriň geçirilmegi, ylalaşyklaryň baglaşylmagy we täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

 

Forumyň esasy ugurlary hökmünde hususy pudagyň ösüşi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, agrar pudagyň we azyk howpsuzlygynyň ösdürilmegi, ulag we infrastruktura ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem sanly özgertmeleri öňe sürmek kesgitlenildi.

 

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara sergisi bilen bir wagtda geçiriler. Bu çäreleriň utgaşdyrylmagy ýurduň maýa goýum hem-de önümçilik mümkinçiliklerini giňişleýin görkezmäge, döwlet edaralary bilen işewür toparlarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berer.

 

Forumyň çäklerinde B2B, B2G we B2C hyzmatdaşlyk formatlary amala aşyrylar. Guramaçylar gatnaşyjylaryň hasaba alnyşynyň dowam edýändigini habar berýärler.

 

Arslan Jumanazarow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.