logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy
  01.03.2026
354
Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy

Aýdym-saz — ynsan kalbynyň iň ýakyn syrdaşydyr. Ol ýaňlananda, adam köňlünde ýakymly joşgun, ruhubelentlik we ylham duýgusy oýanýar. Sungatyň bu ajaýyp görnüşi ynsanyň ömrüne ýoldaş bolup, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da gözelleşdirýär. Ruhy gözellik bolsa kalbyň päkliginiň we beýikliginiň nyşanydyr. Döwletimiziň baý medeni mirasy, aýratyn-da aýdym-saz sungaty hem-de onuň hoş owazly bagşy-sazandalary dünýä ýüzünde uly abraýa eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty täze belentliklere çykyp, ýagty geljege tarap ynamly gadam basýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda mukamçy bagşy-sazandalarymyzyň atlarynyň hem-de olaryň döreden mukamlarynyň buýsanç bilen ýatlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Häzirki wagtda aýdym-saz muşdaklary bu nusgawy eserleri altyn ýaly gymmatly hasaplap, kalplarynyň dürli hazynasyna öwürýärler. Meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň XX asyryň 40-njy ýyllarynda döreden aýdymlarynyň häzirki wagtda hem nusgawy sungat eserleriniň hatarynda goýulmagy uly buýsanç döredýär. Onuň Türkmenistanyň halk ýazyjylary Rehmet Seýidowyň, Gara Seýitliýewiň, Kerim Gurbanepesowyň, Allaberdi Haýydowyň sözlerine döreden aýdymlary halk döredijiliginiň gymmatly hazynasyna öwrülip, ebedilik ýaşajak ruhy baýlyk hökmünde halkymyza hyzmat edýär.

 

Milli aýdym-saz sungatyna ýekeje nusgalyk eser goşmak hem döredijiden örän çuň zehin, ýokary ussatlyk talap edýär. Saz gurallarynda dürli notalar we owazlar jemlenýän bolsa, dutaryň goşa tary şol owazlaryň baýlygyny özünde jemläp, täsin saz öwüşginlerini döredýär.

 

Dutaryň perdelerinde barmaklaryň tans etmegi netijesinde dürli öwüşginli heňler döreýär, şol heňler bolsa saz muşdaklarynyň kalbyny lerzana getirip, olarda saza bolan çuňňur söýgini oýarýar. Milli aýdym-saz sungatymyz diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem dünýä derejesinde-de ykrar edilmäge mynasypdyr.

 

Aýmyrat Işankulyýew,

 Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň müdiri, mugallym.