logo

Latest news:
✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦
Home / Health /Şahsy arassaçylyk düzgünleri
  24.03.2025
1211
Şahsy arassaçylyk düzgünleri

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi, möwsümleýin ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy şertleriniň biridir. Keselleriň esasy ýaýramagyna hapa eller, arassalanmadyk suw we talabalaýyk taýýarlanmadyk iýmit sebäp bolýar. Şonuň üçin her bir adam şahsy arassaçylyga aýratyn üns bermeli, bu endiklere çagalykdan öwrenişmeli. Ene-atalar hem bu ugurda çagalara dogry ýol görkezmelidir.

 

Ýokanç keseller howa-damja ýoly bilen çalt ýaýraýar. Näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy we köpçülikleýin ýerlerde gürlemegi bu keselleriň beýleki adamlara geçmeginiň esasy sebäpleriniň biridir. Şonuň üçin otaglary yzygiderli ýelejiretmek, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamak, köçelerde we köp adamly ýerlerde agyz-burun örtüklerini ulanmak möhüm çäreleriň biridir.

 

Arassaçylyk düzgünleri diňe bir bedeniň arassa saklanmagyny däl, eýsem sagdyn we berk bedenli bolmagy hem üpjün edýär. Adam bedeniniň arassa bolmagy, zähmete ukyplylygyny artdyrýar, uzak ýaşamagy şertlendirýär. Arassaçylyk düzgünleri egin-eşik, aýakgap, iýmit, zähmet we jemgyýet gigiýenasy ýaly toparlara bölünýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty ýokanç we beýleki kesellerden goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň netijesinde, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

 

Saglygyň goralyp saklanylmagy her bir adam üçin esasy wezipe bolmalydyr. Şahsy arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmek diňe bir özümiz üçin däl, eýsem jemgyýetiň sagdyn bolmagy üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.

 

Haltäç ATABAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we
gigiýena kafedrasynyň mugallymy.