logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Health /Saglyk gadry başdan ...
  19.09.2023
940
Saglyk gadry başdan ...

Sagdyn ýaşamak üçin ýaşaýyş- durmuş endiklerini düýpgöter üýtgetmek hökman däl. Hünärmenleriň ylmy barlaglara esaslanýan peýdaly maslahatlary biziň durmuşymyzy gözelleşdirmekde we saglygy goramakda ähmiýetlidir.

 

-Uludan dem alyp, 10-a çenli sanamaklyk- bu bedendäki ýadawlygy, argynlygy aýyrmaga kömek edip, beýnä dynç berýär.

 

- Ýadaman dynç  almak, ajykman naharlanmak , şatlanman gülmek saglygyň ilkinji duşmanlarydyr.

 

- Sagdyn iýmitlenmeli we köpräk maşk etmeli. Sagdyn iýmitlenmek diýlende ilki bilen gök önümler ýadyňa düşýär. Zyýanly içgilerden daşda durmaly.

 

-Ýatmazdan ozal emeli yşyklandyryjylary söndürip ýatmak, adama rahatlyk berýär.Uky dowamlylygyny artdyrýar.

 

-Hereket ýaşaýyşdyr. Günüň dowamynda 30 minut arassa howada gezmek nogsanlyklaryň öňini alýar.

 

-Zehiniňi taplamak. Elmydama döredijilik gözleginde bolup ukubyňy kämilleşdirmeli. Hemişe beýnini türgenleşdirip gezmeli.

 

-Dartgynlyga garşy durmagy başarmaly. Bu endige eýerilmegi beýniniň öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni alýar...

 

Wagt islendik ýagdaýda hem geçmegini dowam edýär. Şonuň üçin haýsydyr bir saz guralyny çalmagy, daşary ýurt dilinde gürlemegi öwrenmek, täze hünäri ele almak bu wagtyňy peýdaly we gyzykly geçirdigiň bolar.

 

Sadyn ýaşamak üçin niýetiň, päliň düzüw bolmaly. Ýaşaýşa daş- töweregiňdäkilere gowy garaýyş bilen çemeleşmeli. Ömrüň manysyny artdyrjak pişelere güýmenmeli. Göwnüň halaýan hünäri bilen meşgullanmaly we oňa yhlasyňy siňdirmeli.

Mylaýym  GUTLYMYRADOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby