logo

Latest news:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Home / Sports /Saglyk baş baýlyk
  01.04.2020
1067
Saglyk baş baýlyk

      Ýurdumyzda  adam hakdaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolmak bilen ilatymyzyň saglygyny dürli kesellerden gorap saklamakda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

      Watanymyz bu günki oňyn öňegidişlikleriň ählisi adam hakdaky aladanyň döwletimiziň baş maksady, saýlap alan esasy maksady, saýlap alan esasy ugry, başy tutulýan her bir işiň gözbaşynda goýulan asylly ýörelge bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

          Häzirki döwürde köpçülikleýin  habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilýän daşary ýurtlarda “Koronawirus” atly ýokanç keseli bilen keselleýän adamlaryň sanynynyň gün saýyn artýandygy, adam pidalaryna getirýändigini, nä derejede şu keseliň agyrdygy öz-özünden düşnükli.

      Biziň ýurdumyzda ýylyň ilkinji aýlaryndan başlap ýokanç keseli ýurda salmazlyk maksady bilen amala aşyrylan işleriň netijesinde biziň ýurdumyzda şol kesel ýok.

    Şoňa garamazdan öňüni alyş çäreleri bolan hlor ergini, üzärlik tüssesi, elleriňi tämizleýän serişdeler, el-ýüzüňi ýyly suwda sabynlap ýuwmak ýaly çäreler edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, oba geňeşliklerinde, öýlerde giňden ulanmaklyk wagyz-nesihat işlerimizde maslahat berilýär.

     Şu mesele boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komiteti, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň çagalar baglarynda we mekdeplerinde yzygiderli düşündiriş işlerini alyp barýar. Geçirilýän işler öz oňaýly täsirini ýetirjekdigine berk ynanýarys.