logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Sports /Saglygyňyz öz eliňizde
  25.08.2020
1388
Saglygyňyz öz eliňizde

       Dünýä ýüzünde giňden ýaýran ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen adamzadyň saglygyny goramaklygyň ugrynda Bütin Dünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan birnäçe zerur işler amala aşyrylýar. Köpçülikleýin ýaýran ýiti respriratura kesellerden goranmaklyk üçin ilki bilen her bir ynsan şahsy jogapkärçilige eýe bolup, lukmanyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmeli. Saglygy gorap saklamaklygyň şertleri, kadalary, talaplary şulardan ybarat. Günüň dowamynda sport bilen meşgullanmaga wagt tapyn. Sport-saglygyň girewidir. öýleriňizi ertir-agşam arassa howa bilen çalşyryp duryň. Sowuk içgilerden ýada çyg suw içmekden saklanyň. Gaýnap sowan suw, çaý içmeklik lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Köpçülik ýerlerinde araçägiňiz 2 metr uzaklykda saklamaly. Agyz- burun örtükleriňizi dakynyň we muny çagalara Öwrediň, deň-duşlaryňyzdan talap ediň. Ulylara ýatladyň. Şeýle hem ulanylan agyz-burun örtükleriňizi zibil gutylaryna atyň. Çünki olary çagalar oýnaýarlar bu bolsa gönüden-göni ýokanç keselleriniň ýaýramagyna getirýär. Şeýle bolanlygynda hem özümiziň hemem töweregiňizdäkileriň saglygynyň aladasyny etdigiňiz bolar. Danalaryň paýhasly jümlelerinden ugur alsak, her kimiň derdiniň dermany topragynda bolarmyş. Türkmen sährasynyň suwy, howasy, ot-çöpi jana şypadyr. Dag eteklerinde, baýyrlyklarda gögerýän ýüzärlik ösümliginiň keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bardyr.Ir döwürlerden bäri bäbek toýlarda, gelin toýlarda köpçülik ýerlerinde ýüzärlik odyny türkmen halky yrym edip ýakypdyr. Ýyllar boýy dowam eden bu kada adata öwrülipdir. Häzirki günlerde ylmyň kämilleşen derejesi ýüzärligiň ýokanç keselleriň ýaýramagyndan goraýjy häsiýete eýeligini açyp görkezdi. Hut şol maksatdan ugur alyp köpçülik ýerlerinde ýüzärlik ýakmaklyk maslahat berilýär. Sagdyn ýaşaýşyň esasy şertleriniň biri hem dogry iýmitlenmeklikdir. Naharlanan ýagdaýyňyzda kada eýeriň, aşa iýmekden we iýip ýatmakdan saklanyň. Gök we bakja önümlerini ýygy-ýygydan iýmeklik adamyň bedenindäki imnutetlerini baýlaşdyrar. Adymyň imnuteti kesellere garşy goranyş häsiýetlik öýjüklerdir. Esasan sarymsak ösümligini naharyň ýany bilen iýmeklik maslahat berilýär. Saglygyňyzy goramakda amala aşyrylýan möhüm şertleriň ýene biri ukunyň kadaly bolmagydyr. Şahsy gigiýena, arassaçylyk düzgünleri berjaý etmeklik hökmanydyr. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmany endik ediniň. Tämiz geýiniň. Özüňizde gyzdyrma, ýiti dümewlemek ýaly alamatlary duýdygyňyz maşgala lukmanlaryna ýüz tutyň. Öz başdak bejergi almakdan saklanyň. Lukmanyň edýän ähli talaplarynyň aňyrsynda adamzadyň, ýagny siziň saglygyňyzy goramaklyga gönükdirlen ullakan maksat ýatyr. Ähli ýeňişleriň aňyrsynda agzybirlik diýen ullakan bir güýç bar, Şonuň üçünem geliň bilelikde agzybirlik bilen lukmançylyk kadalaryny berjaý edip, sagdyn ýaşaýşy gazanalyň. Hytaý pähimdary Kanfutty “her kim özüne iň gowy lukmandyr” diýip belläp geçýär. Şonuň üçin edilýän kadalary ählimiz ilki bilen özümizden talap etmeli, Lukmançylyk talaplaryny gyşarnyksyz berjaý ediň we sagdyn ýaşaýşy gazanyň. Saglygyňyz öz eliňizde!