Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦ ✦ III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler ✦ ✦ BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Saglygym baş baýlygym
  22.03.2020
535
Saglygym baş baýlygym

    Dünýä ýüzünde koronowirus bilen keselleýänleriň sanynyň artýandygyna garamazdan, Türkmenistanda bu kesel bilen kesellän adamyň hasaba alynmandygyna biz begenýäs.

         Koronowirus öz-özünden döreýän kesel däl, ol adamdan-adama ýa-da arassaçylygyň we öňüni alyş işlrini düzgünelaýyk ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ilatyň arasynda giňişleýin ýaýramagyna getirip biler.

         Şonuň üçin her bir adam bu keseliň geçişi, döreýşi barada düşünjeleri bilmelidir we lukmanlaryň maslahatlaryny berjaý etmelidirler.

         Daşary döwletlerden ýurdumyza wirusyň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen birnäçe öňüni alyş çäreleri alnyp barylýar. Ýagny daşary ýurtlardan gelen Türkmenistanyň raýatlary maşgala lukmanlarynyň hasabyna alnyp, gündelik saglygy goraýyş gözegçiligi geçirilýär.

         Bulardan başga-da halkyň arasynda wirusyň ýüze çykmazlygy üçin käbir düzgünler berjaý edilende koronawirusyň ýokuşmaklygynyň öňüni alyp bolýandygy barada düşünjeleri ýeňil görnüşde bermek maksady bilen ýatlatmalar, görkezmeler paýlanylýar we wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

         Koronawirus keseli-bu dümew we beýleki respirator keselleriniň alamatlary ýaly görnüşde geçip, her bir adam keseliň ýaýramazlygy üçin ýönekeý düzgünleri berjaý etmeli. Ýagny, her bir adam şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý eden halatynda dümewde we beýleki respirator kesellerinden goranyp bilýär.

  • ýiti respirator keseline güman edilen näsag bilen ýakyn gatnaşykdan, elleşip salamlaşmakdan we gujaklaşmak ýaly hereketlerden gaça durmaly;
  • näsagy we onuň daş-töweregindäki zatlary elläniňden soň eli sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly;
  • üsgürlende, asgyrylanda agzyňy we burnuňy bir gezek ulanylýan el ýaglyklar bilen ýapmaly we ulanyp bolanyňyzdan soň ýörite niýetlenen gaplara taşlamaly;
  • dümewiň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda maşgala lukmanyna ýüz tutmaly;
  • otaglary ýygy-ýygydan ýelejiretmeli, çygly arassalaýyş we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmeli;
  • dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymyny almaly;
  • witaminlere baý bolan gök önümleri we miweleri iýmeli;
  • ýüzärligi ýakmak bilen otaglary tüsse arkaly zyýansyzlandyrmaly;
  • burna oksalin mazyny çalmaly.

       Şu düzgünler berjaý edilen ýagdaýynda Sizi we Siziň maşgalaňyzy dümew we beýleki respirator kesellerinden gorap bilersiňiz.