logo

Soňky täzelikler:
✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglygy goramakda ruhy terbiýäniň ähmiýeti
  05.04.2025
870
Saglygy goramakda ruhy terbiýäniň ähmiýeti

Saglygy goramak diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem ruhy taýdan hem bedenimizi doly taýdan sagdyn saklamakdyr. Ruhy terbiýe – adamyň içki dünýäsini ösdürmek, oňa pozitiw pikirlenmegi, sabyrlylygy, ýagşy niýetde bolmagy, beýleki adamlara hormat goýmagy we psihologik taýdan durnukly bolmagy öwredýän möhüm tarapy bolup durýar. Adamyň ruhy taýdan durnukly bolmagy onuň fiziki saglygyna hem oňyn täsir edýär. Ruhy taýdan gowşaklyk, köplenç stres, alada, gamgynlyk, dartgynlyk ýaly ýagdaýlara sebäp bolýar. Bu bolsa ýürek-damar, nerw, içege, dem alyş we immun ulgamyna ýaramaz täsir edýär.

 

Ruhy terbiýe arkaly adamlar kynçylyklara döz gelip, durmuşda ýüze çykýan päsgelçiliklere garşy durmak ukybyny ösdürýärler. Bu bolsa stres ýagdaýlarynyň öňüni alýar we psihiki taýdan sagdyn ýaşamaga ýardam edýär. Şeýle hem ruhy taýdan terbiýelenen adam özüne we beýlekilere bolan ynamyny saklap bilýär, ýaşaýyşdan lezzet alyp bilýär. Ruhy taýdan sagdyn adam jemgyýetde pozitiw gatnaşyklaryň bolmagyna hem goşant goşýar.

 

Şonuň üçin saglygyň goralmagynda diňe fiziki bejergiler ýa-da arassaçylyk düzgünleri bilen çäklenmän, ruhy ösüşe hem üns bermek wajypdyr. Ruhy terbiýe, çagalykdan başlap berilmeli bolup, bu terbiýe maşgalada, mekdepde we jemgyýetde berilmelidir. Adamyň özüni gowy duýmagy, psihiki taýdan durnukly bolmagy onuň beýleki agzalar bilen gatnaşygynda, işinde we gündelik durmuşynda hem uly rol oýnaýar.

 

Ruhy terbiýe saglygyň aýrylmaz bölegi bolup, ony ösdürmek sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir. Ruhy taýdan sagdyn adam jemgyýet üçin hem peýdaly, hem durnukly birekdir. Şonuň üçin her bir adam diňe beden taýdan däl, ruhy taýdan hem özüni ösdürmäge we goramaga borçludyr.

 

Haltäç ATABAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet Lukmançlyk uniwersitetiniň
Medisina ekologiýasy we gigiýena​ kafedrasynyň
mugallymy.