logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /Sagdynlygyň we ruhybelentligiň sazlaşygy
  05.05.2020
1133
Sagdynlygyň we ruhybelentligiň sazlaşygy

     Ýurdumyzda sowatly we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaşlaryň, sagdyn nesilimiziň kemala gelmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwletimizde halkyň sagdynlygyny goramak we berkitmek, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, professional türgenleri ýetişdirmek üçin zerur şertler we mümkinçilikler döredildi. Ynsan saglygynyň goragy we onuň göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän amatly şertler her bir raýatyň berk bedenli, belent ruhly, ömrüniň uzak bolmagyny hem-de bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglyk ulgamyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler, ýetilýän sepgitler we gazanylýan üstünlikler, Türkmenistan döwletimiziň döwlet jemgyýetindäki at-abraýyny ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda berkarar watanmyzyň dürli künjeklerinde döwrebap şypahanalaryň birnäçesi guruldy we halkymyzyň hyzmatyna goýuldy. Olardan: “Mollagara”, “Ýylysuw”, “Arçman”, “Baýramaly”, “Farap”, “Daşoguz”, “Berzeňňi” şypahanalarynda dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelenlere ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzda durmuşa geçirilýän bu işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň türkmen halky üçin durmuş eşretleriň altyn sakasyny açýan zamana öwrülendigini aýdyň şaýatlyk edýär, parahat we gülläp ösýän watanmyza bolan buýsanjymyzy belende göterýär.