logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Sagdyn beden — sagdyn ruh
  22.03.2025
1580
Sagdyn beden — sagdyn ruh

Adam saglygyny goramak we pugtalandyrmak jemgyýetiň esasy gymmatlyklarynyň biridir. “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen nakyl hem adamyň beden saglygyny we ruhy sagdynlygyny bilelikde saklamagynyň möhümdigini görkezýär. Fiziki taýdan güýçli we sagdyn adam diňe bir öz durmuşynda üstünlik gazanman, eýsem jemgyýete hem uly peýda ýetirýär.

 

Saglyk diňe bir keselleriň ýoklugy bilen çäklenmän, bedeniň we ruhuň bitewüligini hem aňladýar. Fiziki saglyk adamyň beden taýdan kuwwatly, işjeň we ukyply bolmagyny üpjün edýär. Munuň üçin dogry iýmitlenmek, yzygiderli maşk etmek we zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak adam bedenine uly peýda ýetirýär. Fiziki maşklar gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, myşsalary güýçlendirýär we immuniteti ýokarlandyrýar. Şeýle hem sport adamda öz-özüne ynamy we maksada okgunlylygy ösdürýär.

 

Ruhy saglyk hem bedeniň sagdynlygynyň aýrylmaz bölegidir. Adam stresden, dartgynlylykdan we negatiw pikirlerden azat bolanda, onuň ruhy dünýäsinde deňagramlylyk saklanýar. Ruhy saglygy goramak üçin psihologik rahatlygy üpjün etmek, gowy dynç almak we oňyn pikirlenmek möhümdir. Kitap okamak, saz diňlemek we döredijilik bilen meşgullanmak ruhy saglygyň berk bolmagyna kömek edýär. Şeýle hem dost-doganlar bilen aragatnaşyk saklamak, tebigatda gezelenç etmek we söýýän işiň bilen meşgullanmak adam ruhuny joşdurýar.

 

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek adamyň beden we ruhy saglygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, onuň umumy durmuş hilini hem ýokarlandyrýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamlaryň iş başarjaňlygyny artdyrýar, pikirleniş ukybyny kämilleşdirýär we ömri uzaldýar. Şonuň üçin hem biz öz saglygymyza jogapkärçilik bilen garamaly, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik durmuşymyzyň bir bölegi etmeli. Sagdyn bedeniň we sagdyn ruhuň bitewüligi bolsa bize bagtly we üstünlikli durmuş berýär.

 

Aýbölek PERDÄÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we
gigiýena kafedrasynyň mugallymy.