logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Sagatlar barada täsirli maglumatlar
  21.10.2022
2233
Sagatlar barada täsirli maglumatlar

Mälim bolşy ýaly, sagadyň dilleri çepden saga aýlanýar. Munuň sebäbi-de ilkinji gezek gün sagatlary ulanylyp, ol hem günüň ýokary galmagy we kölegesine görä aýlanmagy bilen bagly bolupdyr.

Sagat öz gezeginde minut, sekunt, millisekunt, mikrosekunt, nanosekunt, pikosekunt, femtosekunt ýaly wagt aňladýan böleklere bölünýär.

XVIII-XIX asyrlarda jübi sagatlaryny götermek ýörgünli bolup, şeýle sagatlary diňe gurply maşgaladan bolan adamlar ulanypdyr. Ilkinji jübi sagady 1503-nji ýylda Germaniýada oýlanyp tapylypdyr.

Çäge sagatlary irki wagtda ýüze çykyp, ol 15 minudy, 30 minudy we 1 sagady aňladypdyr. Ýöne çäge sagatlarynyň takyklygy belli bir derejede pes bolupdyr, çünki howa sowanda çägäniň akyş tizligi maýyl günler bilen deňeşdirilende haýal bolupdyr.

Irki wagtlarda çäge sagatlaryndan başga-da ýyldyz, gün hem-de suw sagatlary hem ulanylypdyr.

Ilkinji gezek goşar sagady 1812-nji ýylda oýlanyp tapylypdyr. Şol döwür bir sany goşar sagadyny ýasamak üçin 25-e golaý işçiniň el güýji gerek bolupdyr.

Gadymy döwürlerde ulanylan Gün sagatlary diňe gün çykan mahaly wagty görkezipdir. Bulutly günlerde bolsa wagty hasaplamak mümkin bolmandyr.

Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň ösmegi bilen has kämil hem-de akylly sagatlaryň ençemesi öndürilýär. Dünýä boýunça öndürilýän sagatlaryň 60%-i Ýaponiýanyň paýyna düşýär. 

 

Bägül ARYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.