Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Şa gadamy ― hem ömrüň, hem topragyň berekedi
  20.06.2020
446
Şa gadamy ― hem ömrüň, hem topragyň berekedi

Şol güne çenli Berdimyrat daýhany diňe obadaşlary, ýakynlary, tanyş-bilişleri tanaýardylar. 10 ýyl bäri kärendeçi bolup işleýän, arasynda-da jaý ussaçylygy bilen meşgullanýan daýhan şol gün sähel salymyň içinde tutuş ýurdumyza meşhur boldy oturyberdi. Ýurt baştutany kärende ýerine şa gadamy, ýürekdeş söhbetdeşlik daýhanyň diňe bir öz ýüreginde däl, «mawy ekranda» bu görnüşleri synlan her kimiň ýüreginde döwletliligiň, mähribanlygyň baýdagyna öwrüldi. Bu pursaty synlap, diňe bir şahyr däl, her kim «Bu bir döwlet ahbetin!» diýip, öz ýanyndan dillendi.

«Berdimyrat daýhan» diýýänimiziň Lebap welaýatynda iş saparynyň çäginde Ýurt baştutany bilen didarlaşan gallaçy daýhan Berdimyrat Narmämmedowdygyny aň eden bolsaňyz gerek. Ol bu sapara dahylly bolanlaryň içinde iň bagtlylarynyň biri. Hut Ýurt baştutany bilen mesawy söhbet, aslynda, onuň başyna gonan bagt guşy. Düýşüne-de girip ýetişmedik hyýallaryň huşdaky wysaly. Bu pursady ol şeýle ýatlaýar:

― Dogrusy, kärende ýerimde Ýurt baştutanyna garşylamalydygym aýdylan günlerinden bäri, tutuş dünýämi tolgunma gurşap aldy. Söz bilen düşündirip bolmaýan şol tolgunma tä özi bilen salamlaşýançam, günüme goýmady. Ýöne niçikmi, onuň nurana ýüzüne ýüzüm düşdi welin, ähli tolgunmalarym el bilen süpürilip aýrylan ýaly bolaýdy. Söhbetimize ilkinji sözlemlerden gonan mähribanlyk, ýürekdeşlik dünýämi has giňetdi. Meniň bilen maşgala ýagdaýym, kakam-ejem, işlerimiz bilen ýakyndan gyzyklanmagy göwün guşumy ganatlandyrdy. Bu ýakymly pursadyň täsirinden hiç haçan çykaryn öýdemok.

«Mawy ekranda» şol pursatlary synlap, her birimiz özümize bir ýakynlygy duýan bolsak gerek. Oba hojalykçylaryň, daýhanlaryň ählisiniň Berdimyrat daýhanda özüni görendigi gürrüňsiz hakykat. Çünki ähli daýhanlarymyz Berdimyrat Narmämmedow bilen ykbaldaş-olar döwletimiziň, çäksiz goldawlarynyň gurşawynda işleýärler. Şonuň üçin hem şol gün çärjewli daýhanyň dilinden dökülen alkyş, aslynda, ene topraga baglanan ýürekleriň ählisiniň alkyşydyr.

Ýurt baştutanym daýhanyň işi, maşgalasy, tejribesi, maksady bilen ýakyndan gyzyklandy. Ol köplenç, az gürläp, köp iş edenini gowy görýän daýhan sowallarymyza örän gysgajyk jogap berýär. Ýöne hormatly Prezidentimiziň žurnalistlere hem nusga bolup biljek zehini we ýürekdeşligi oňa has ýiti täsir eden bolmaly.

Bu gün özi hem alty gyzyň kakasy bolan Berdimyrat aga Toýmyrat hem-de Rozygül Narmämmedowlaryň daýhan perzentleriniň biri. Elbetde, ene topraga bolan söýgi janypkeş atadan geçen bolmaly. Ençeme ýyl mundan ozal hormatly dynç alyşa çykandygyna garamazdan, Toýmyrat aga häzir hem 1 gektar erik bagyna esedýär. Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşigine degişli baglykdan alnan bu bölekde erigiň saýlama tohumlary ýetişdirilýär.

Edil gowaçanyňkyça bolmasa-da, bugdaýyň hem hysyrdysynyň ýetikdigine çagalykdan beletligimiz bar. Şonuň bir adam üçin 20 gektar bugdaý diýmegiň asla kiçi-girim iş däldigini bilýäris. Zanny daýhan Berdimyrat aga bu ýere iki dogany bilen bile garaşyk edýär. Geçen ýylyň sentýabr ― oktýabr aýlarynyň sepgidinde ekilen bugdaýa wagtly-wagtynda ideg edildi: döküni, suwy, bejergisi kem edilmedi. «Eýesiniň gözünden suw içen» ene ýer hem hasylyny bolluk bilen getirdi. Galla oragyny düýn tamamlan kärendeçi 20 gektar ýerden Watan harmanyna 80 tonna golla tabşyryp, her gektaryň hasyllygyny 40 sentnere ýetirdi.

Ýeri gelende aýtsak, Berdimyrat Narmämmedow Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi. Topar ýolbaşçysy Berdimyradyň her ýyl hem özüne degişli ýerden bol hasyl alyp gelýändigini aýdýar.

― Daýhanlarymyz üçin alynyp berilýän kuwwatly tehnikalary gallany zaýasyz ýygnaýar, samanyny hem bir ugra toplap gidýär. Bu bolsa oragyň yzýanyndaky işleri ýeňilleşdirýär. Hasyly ýygnap aldyk, meýdanda, Ýurt baştutanyna söz berşim ýaly, guşlaryň paýy galdy. Indi dessine samany ýygnap, yzyny süreris. Wagt ýitirmän hem ikinji ekine girişmekçi bolýarys. Şu ýa käşir ýa-da mekgejöwen ekip almagy meýilleşdirýäris ― diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi.

Maksadyň myrat tapsyn, daýhan! Ene ýer ― ýedi hazynanyň biri. Hasylyny bol eçilýän ýerlere «Hydyr nazary düşen» diýýärler. Hydyr nazarly hormatly Prezidentimiziň hem nazary, hem gadamy düşen topragyň bereket çeşmesi öz gözbaşyny tükenmezlikden, ummasyzlykdan alyp gaýdýar.

Harmanyňa bereket, işiň ileri bolsun, Berdimyrat daýhan!