logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Röwşen geljegiň eýeleri
  19.11.2022
757
Röwşen geljegiň eýeleri

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly asylly başlangyçlar jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak uly güýç bolup durýar.   

Sowatly, kämil hünär taýýarlygy bolan ýaşlary ýetişdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen dürli ugurlardan bilim berýän ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hünärmenleri ýetişdirmegi, bilim ojaklarynyň ösen kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bu işleriň has-da rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, hünär saýlamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler bar.

Biz hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň agzybir talyp ýaşlary bolup, okuw meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky ähli amatlyklary bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz talyp ýaşlaryň çuň aň-bilimli, medeniýetli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimize uly mümkinçilik döredýär we belent maksatlara ruhlandyrýar.

Goý, ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!  

 

Gülzada PIRLEKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.