logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Pul we onuň görnüşleri
  17.02.2023
3707
Pul we onuň görnüşleri

Pul - bu döwletde kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilen kagyz bolup, aluw-satuwda nyrhyň ölçegini aňladýar. Häzirki wagtda dünýäde puluň 160-dan gowrak görnüşi bar. Türkmenistanda milli pul bolup manat çykyş edýär. 1 manadyň 100 teňňä deňdir. 

Amerikan dollary -
dünýä bazarynyň iň köp ulanylýan pul birligidir. Dünýä bazarynda söwdanyň takmynan 60% dollar bilen, 20% ýewro bilen galany bolsa beýleki pul birlikleri bilen amala aşyrylýar. Häzirki wagtda dünýäde takmynan 7 trillion dollar aýlanyşykda, 4 trillion möçberinde altyn rezerwi hem döwletleriň we işewürleriň elinde. Dollaryň dünýäde giňden ýaýramagyna sebäp bolan esasy zat hem 1944-1971-nji ýyllar aralygynda ýörgünli bolan «Bretton-Wuds» pul ulgamydyr. Bu ulgamyň esasy aýratynlygy pullaryň diňe altyna öwrülip bilmegidir. 1 dollar 100 sente deňdir. ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Günorta Amerika we Ýuwaş ummanyndaky käbir döwletleriň hem resmi pullary dollardyr. Dollar Amerikanlaryň pul birligi bolsa hem ol söz aslynda nemes sözüdir. Çeh Respublikasynda bar bolan «Jo-Achimstal» kümüş pulundan edilen dollar ýa-da «taler» atly pul ilkibaşda ispan-amerikan goşunynda ulanylmaga başlanypdyr. XVIII asyrda ABŞ-nyň resmi pul birligi bolupdyr. 1996-njy ýylda 100 dollarlyk banknotlar dolanyşyga girizilipdir. 

Ýewro - 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda dünýä bazarynda ulanyşyga girizildi. Ýewronyň şaýy we kagyz görnüşindäki pullary 2002-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda dolanşyga girizildi. Ýewrony ulanýan döwletler: Awstriýa, Belgiýa, Estoniýa, Finlandiýa, Gollandiýa, Irlandiýa, Ispanýa, Italiýa, Kipr, Latwiýa, Litwiýa, Lýuksemburg, Malta, Portugalýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Ukraina. 

 

Yhtyýar BAHTYÝAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.