Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Tebigat /Planetamyza her gün nädip kömek edip bileris?
  05.05.2023
797
Planetamyza her gün nädip kömek edip bileris?

Daşky gurşawy goramak meselesi ähli döwürde, aýratyn hem häzirki wagtda tutuş ýer ýüzündäki adamlary «tolgundyrýar». Şol sebäpli tebigaty we ekologiýany gorap saklamaga gönükdirilen başlangyçlar barha artdyrylýar. Şeýle çäreleriň biri-de bu güne bagyşlanan belli senelerdir. Mysal üçin, Halkara Ýer güni. Ýer güni bu näme?

Köp ýurtlarda Halkara Ýer güni 21-nji martda bellenilýär. Çünki şol günden başlap ýeriň täze aýlawy başlaýar, gije-gündiz deňleşýär we planetanyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basylýar. Emma Ýer güni beýleki ýurtlarda başga senelerde-de bellenilýär, ýöne bu ýerde iň esasy zat belli bir sene ýa-da aý däl-de, baýramyň nämä bagyşlanandygynda jemlenendir.

BMG-nyň habaryna görä: «Ýer güni, ähli adamlaryň ünsüni planetanyň umumy öýi hökmünde tanamaga, umumylygymyzy we birek-birege garaşlylygymyzy duýmaga gönükdirilen aýratyn döwürdir». Wagtyň geçmegi bilen Ýer güni uly goldawa eýe boldy. Onuň çäginde ekologiýa bagyşlanan leksiýalar, seminarlar, ylmy duşuşyklar geçirilýär, köpçülikleýin agaç nahallary ekilýär. Şeýle-de ýer sagady diýlen düşünje hem bar. Ýer sagady bu näme? Ol adatça mart aýynyň soňky ýa-da ahyrky şenbesinde geçirilýär. 2009-njy ýylda bu waka adamzat taryhynda iň uly çäre boldy: oňa bir milliarddan gowrak ýaşaýjy gatnaşdy. Onda ýagdaýlar mümkin boldugyça ýönekeý, ýagny çyrany diňe bir sagat öçürmeli. Ýaş ýetginjeklerden uly ýaşlylara çenli her kim muny başaryp biler. Ýer sagady wagtynda, Pariždäki Eýfel diňi, San-Fransiskodaky Altyn derweze köprüsi, Nýu-Ýorkdaky Imperiýa döwlet binasy, Sidneýdäki opera teatry, Londondaky Big Ben we beýleki meşhur ýerler. 

Häzirki wagtda tebigata nädip kömek etmeli? 

Daşky gurşawy goramaga gönükdirilen başlangyçlar adamzadyň geljekki nesiller üçin planetany halas edip biljekdigine umyt döredýär. Ýöne munuň üçin ýylda bir sagat, hatda bir gün tebigata ideg etmek ýeterlik däl. Munuň üçin näme edip bolar?

Häzirki wagtda köp iri senagatlaşan şäherlerde galyndylary sortlamak üçin ýörite gaplar oturdyldy. Plastmassa, aýna, kagyz we organiki galyndylary aýratyn taşlamak mümkin boldy. Öýden çykylanda ýa-da başga bir otagda bolunýan wagtynda çyralary öçürmeklik we elektrik enjamlaryny aýyrmaklyk, suwy artykmaç akdyrmazlyk, hatda çagalaryň hem berjaý edip biljek bu ýönekeý düzgünleri daşky tebigata uly kömek eder.

Plastiki gaplar daşky gurşawy hapalaýar. Söwda edilende olardan gaça durmak gowy. Gaýtadan ulanylýan kanwas torbalaryny ýa-da moda köp reňkli söwda haltalaryny ýanyňyz bilen alyp gitmek has gowudyr. Esasy zat diňe bir iri kärhanalaryň işinden zyýanly zyňyndylar bilen çäklenmän, eýsem eşikleriň köplenç birnäçe onýyllyklaryň içinde çüýrän poligonlarda gutarmagydyr. Indiki gezek başga bir sumka ýa-da täze aýakgap gerekdigini göz öňünde tutuň. Egin-eşik saýlananda, ekologiýa taýdan arassa markalara we tebigy matalar bilen işleýän dizaýnerlere üns bermek ýerliklidir. Soňra agşamlyk stoluňyzda howpsuzlyk üçin himiki taýdan işlenilmedik, ekologiýa taýdan arassa önümler bolmagy zerur. Mundan başga-da, daşamak üçin ýangyç has az sarp edilmegine ähmiýet berilýär, bu bolsa tebigy baýlyklary tygşytlanylýandygyny aňladýar. 

 

Begli PARAHADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.