Bitaraplyk syýasaty — halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar etmekde möhüm ähmiýetli ýörelgedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy ynsanperwerligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara hormatyň dabaralanmasydyr. Halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan bu syýasat Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrýar. Bilşimiz ýaly, häzire çenli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk ýolunyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasy maksady döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden, halkara meselelerini parahatçylykly ýollar arkaly çözmäge ýardam bermekden we sebitleýin hem-de ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýaly ýörelgelere aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döredýär.
Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň mizemez binýadydyr. Gahryman Arkadagymyz bu syýasatyň gadyr-gymmaty dogrusynda şu ýylyň sentýabr aýynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen taryhy umumy okuw sapagynda: «Bitaraplyk, ozaly bilen, öz tebigaty, dünýä garaýşy boýunça ähli döwletleriň we halklaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini hormatlamaga esaslanýan dialoga we parahatçylyga daýanýar. Hut şu garaýyşlar häzirki döwürde uzak möhletli parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün edip biler diýip pikir edýärin» diýip jaýdar belledi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak babatda ençeme möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň we dünýäniň ösüşine goşant goşmaga gönükdirilendir.
Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmek ugrundaky tagallalarynyň aýdyň beýanydyr. Bu syýasat halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwer garaýyşlaryna daýanýar we geljekki ösüşler üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Akjagül BAÝRAMGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.