logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Päkize we ykjam geýinmek edebi
  20.12.2022
1622
Päkize we ykjam geýinmek edebi

Durmuşda adamyň köpçülikde özüni alyp barşyna, gylyk-häsiýetine üns berlişi ýaly, onuň daşky sypatyna, egin-eşiginiň päkizeligine hem ähmiýet berilýär. Adamyň geýnişi, arassaçylygy belli bir derejede onuň içki dünýäsini hem açyp görkezýär. Egin-eşigi päkize hem ykjam geýnen adam özi barada daş-töweregindäkilerde ýakymly duýgulary oýarýar. Halk arasynda «Eşigiňe görä kabul edilýär, akylyňa görä ugradylýar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu manyly aýtgyda daşky gözellik bilen içki gözelligiň sazlaşmagy hakynda beýan edilýär. Şonuň üçin her bir ynsan egin-eşik geýmegiň medeniýetini, inçe tilsimlerini bilmelidir. Ilkinji nobatda beden ölçegiňe kybap gelýän, owadan hem döwrebap eşikleri saýlap almaklyk zerurdyr. Özüňe ýaraşykly eşik adama diňe bir gözellik bermän, ol adamyň ruhuny hem göterýär. Her döwrüň öz lybas geýmek medeniýeti, döwrebaplygy bolýar. Döwrüň ösüşi geýim-gejime ýiti täsir edýär. Muňa garamazdan, döwrebap egin-eşik hem hökmany ýagdaýda millilige ýugrulan bolmalydyr. Millilik hem medeniýetlilik ynsanyň içki dünýäsinde, onuň ruhunda, edep‑ekramynda bolmalydyr. Içki dünýäsi bilen daşky gözellik sazlaşanda we ol millilik bilen baýlaşdyrylanda adam aýratyn gözel keşbe eýe bolýar. Halkymyzda geýim geýmegiň özboluşly aýratynlyklary bar. Ata-babalarymyz adama syn edenlerinde onuň egin‑eşikleri bilen birlikde synasyna, kaddy-kamatyna üns beripdirler. Adamyň üst-başynyň tämizligi, arassalygy medeni derejesi bilen baglydyr. Häzirki wagtda türkmen gelin-gyzlarynyň milli eşiklerinde täze mazmunly, döwrebap biçüwler köp peýdalanylýar. Geýiljek eşikleriň möwsüme, wagta, gidiljek ýerine hem-de ýerli ýagdaýa görä degişlisini saýlap bilmeklik möhümdir. Owadan hem arassa şäheriň nurana köçelerinde millilige hem döwrebaplyga ýugrulan lybasly ýaşlary synlanyňda ruhuň göterilýär. Olaryň tebigatyň gözelligine has hem gelşik berip baryşlaryny synlamak guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halky gelin-gyzlara aýratyn hormat-sarpa goýup, olaryň egin-eşikleriniň, bezeg şaý-sepleriniň aýratynlygyna uly üns beripdirler. Gadymy döwürlerden başlap, gymmatbaha daşlardan, altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler bilen öz gelin-gyzlaryny, ene-mamalaryny bezäpdirler. Bir-birinden ajaýyp kümüş şaý-sepler, köz ýaly lowurdap duran gyrmyzy keteni, keşdelenip gaýalan kürtedir-çabydy, nepis türkmen tahýasy gelin-gyzlaryň gözelligine gözellik goşup, olary edepli hem owadan görkezipdir. 

 

Mawlýuda MAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.