logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Pagtaçylyk- galkynýan pudak
  18.08.2020
1198
Pagtaçylyk- galkynýan pudak

  Ýurdymyzyň beýleki uglary bilen birlikde, oba hojalyk pudagy hem barha galkynýar. Oba hojalygyny iň düşewüntli pudaga öwürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler, bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär.

  Häzirki wagtda ýurdymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alynyp barylýan möwümleýin çäreler hem munuň şeýledigini subut edýär.

  Hormatly Prezidentimiziň gowaçanyň, bugdaýyň hem-de beýleki ekinleriň ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýän täze görnüşlerni çykarmak, tohumçylyk babatda dünýäniň öňdebaryjy tejiribelerni öwrenmek, tohumçylygyň häzirki zaman usullaryny oranaşdyrmak boýunça edýän tagallaryndan ruhlanan Babadaýhanly daýhanlar “Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany” ýylynda 27 müň 650 müň gekdar meýdanda gowaça ekmegi we ondan 53 müň 400 tonna ak altyny ýetişdirmegi maksat edinýärler. Olar şol asylly maksada eýerip şu günler gowaça ekişini tamamlaýjy tapgyrda alyp barmak bilen, gögeriş gazanylan ýerlerde hatarara bejergi, işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar.

  Häzirki wagtda Babadaýhan etrabynyň Ak Altyn, Türkmenistan daýhan birleşiklerinde işler has-da göreldeli alnyp barýarlar.

  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat Babadaýhan etrap komitetiniň agzybir işgärleri daýhanlaryň arasynda bolup kärendeçiler bilen iş üstünde duşýarlar hem-de armasyny ýetirýärler. Bu bolsa, kärendeçileriň möwsümi üstünlikli jemlemäge ruhy belentlik berýär.