logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Agriculture /Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär
  16.10.2025
469
Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri 13 müň gektara ekilen pagta meýdanyndan bol we ýokary hilli hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamyny ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmegi baş maksat edinip, pagta ýygymynyň depginini günsaýyn ýokarlandyrýarlar.

 

Daýhanlar Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçirilýän bu möwsümiň ilkinji günlerinden hasyly talabalaýyk ýygnap almaga girişdiler. Ir ertirden giç agşama çenli dowam edýän zähmet möwsüminde pagta meýdanlarynda guramaçylykly işler alnyp barylýar.

 

Pagta ýygymynyň üstünlikli dowam etmegine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri, medeniýet we sungat işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olar meýdan düşelgelerinde pagtaçylaryň arasynda çykyş edip, olaryň zähmetine ruh berýärler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň daýhanlara berýän goldawlarynyň netijesinde oba hojalyk pudagynda uly ösüşleriň gazanylandygy nygtalýar.

 

Möwsüme ruhubelentlik goşmak maksady bilen, aýdym-sazly çykyşlar, tanslar we folklor toparlarynyň çykyşlary guralýar. Şeýle-de Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan kärendeçiler, kombaýnçylar we sürüjiler arasynda bäsleşikler geçirilip, ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýar. Wagyz-nesihat we höweslendiriji çäreler pagtaçylary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

 

Altynjemal KAKABAÝEWA,

S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.