logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Culture /Öz käriniň ussady
  21.07.2020
1038
Öz käriniň ussady

Orazgül Abasowa 1941-nji  ýylyň 18-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä inýär. O.Abasowa orta mekdebi tamamlap, oba medeniýet öýüniň halk teatrynda işläp başlamagy sahnanyň edim-gylymlaryny ele almagyna itergi berýär. Soňra ol Kaka etrabyndaky medeniýet öýüniň halk teatrynyň çeper ýolbaşçysy bolýar. Ol etrabyň halk teatrynda sahnalaşdyrylýn sahna oýunlarynda çykyş edip başlaýar.

Orazgül Abasowa 1964-1967-nji ýyllarda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr  studiýasynda okap, teatr sungatynyň  inçeliklerine aralaşýar. Bu ýerde ol teatryň halypa artistlerinden tälim alýar. Ol teatryň studiýasynda okaýarka, teatrda sahnalaşdyrylan “Zoraýakdan lukman bolan” oýunda Smiraldinanyň keşbini janlandyrýar.

Orazgül Abasowa 1967-nji ýylda teatryň studiýasyny tamamlap, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti wezipesinde işläp başlaýar.Ol ýerde şol döwürde sahnalaşdyrylan spektakllaryň onlarçasynda “Bagbanyň gyzy” spektaklynda Maralyň, “Kör gyzyň täläýi” atly oýunda kör gyzyň , “Zöhre- Tahyr” spektaklynda Mahynyň we Tahyryň ejesiniň, “Millioneriň gedaý ogly” spektaklynda millioneriň aýalynyň keşplerini ýerine ýetirdi.

Orazgül Abasowa 1977-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluny dowam etdi. Teatrda sahnalaşdyrylan spektakllaryň 50-den gowuragynda dürli häsiýetdäki keşpleri ýerine ýetirip, halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Bu teatryň sahnasynda ilkinji gezek O.Abasowa “Ömür dawasy” atly oýunda halypa artist A.Gulmämmedow bilen keşp janlandyrmak bagty miýesser etdi. Ol bu spektaklda halypa artistiň ýanýoldaşynyň keşbini janlandyrýar. Ol soňra meşhur “Nesimi” oýnunda Loannusyň, “Gelinleriň gozgalaňy” oýnunda Lutfihonyň, “Hasar” balladasynda Ak sülügiň, “Harmandäli” oýnunda kempiriň, “Görogly” oýnunda Gadym periniň, “Gelin gelýär” oýnunda ýamanja enäniň keşplerinde çykyş edýär. Şol sanda “Bazar aganyň zürýatlary”, “Nejep oglan”, “Ene toprak”, “Bernardo Albanyň öýi”, “Oguz oýny”, “Giýewleriň bäsleşigi” ýaly oýunlardaky janlandyran keşpleri O.Abasowanyň kämilleşmegine giň ýol açýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen teatrynda kämil spektakllaryň ençemesi döredilip, tomaşaçylara ýetirildi hem-de bu sahna oýunlarynda Orazgül Abasowanyň döreden keşpleri onlarçadyr. Orazgül Abasowa Garaşsyzlygyň beren miwelerini wasp etmekde, döwürdeşlerimiziň gazanýan zähmet üstünliklerini, milli şahsyýetlerimizi açyp görkezmekde teatrda sahnalaşdyrylan “Nejep oglan” spektaklynda Mylaýymyň ejesiniň, “Söýgi hem mekirlik” spektaklynda arwah aýalyň, “Galkynyşyň ak gülleri” spektaklynda aşpez aýalyň, “Awazanyň gülleri” spektaklynda Ülje ejäniň, “Göroglynyň öýlenişi” spektaklynda Gadym periniň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrdy.

Orazgül Abasowa diňe bir teatryň sahnasynda çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol kino sungatyna hem öz goşandyny goşýan artistdir.

Ol kino režissýor I.Bekmiýewiň “Jennet bagy”, K.Kakabaýewiň “Jennet guşy”, K.Orazsähedowyň “Çakan aga”, W.Işangulyýewiň “Bagta barýan ýollar”, K.Garaýewiň “Söýgi durmuşyň bezegi” filmlerinde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. O.Abasowa türkmen telewideniýesi we  Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanan teleoýunlarynda Ýalpylyň, Ozzy ejäniň keşplerini ussatlarça ýerine ýetirip, giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Zehinli artistiň dürli häsiýetdäki gahrymanlaryny teleradioýaýlymlarynyň  “Degişme dünýäsi” gepleşiginde goýberilýär. Ozzy eje adyny alan artist ençeme degişmeli sahnalary halkymyza ýetirdi.

Orazgül Abasowanyň türkmen teatr hem-de kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, ol döwlet tarapyndan birnäçe sylaglar bilen sylaglandy we hormatly atlar dakyldy. Oňa 1991-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 2007-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakyldy.