logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Öwrenmegi kyn bolan diller
  15.10.2022
1508
Öwrenmegi kyn bolan diller

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ençeme diller bolup, olaryň her biri özüniň elipbiýi, söz düzümi, söz aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Dünýä dilleriniň arasynda öwrenmesi kyn bolan diller hem bar.

Geliň şolaryň käbiri bilen tanyş bolalyň:  


Hytaý dili - dünýä dilleriniň arasynda öwrenmesi kyn hasaplanylýan dildir. Çünki hytaý dilinde elipbiý bolman, gepleşikdäki bogunlary aňladýan ýüzlerçe belgiler, ýagny iýeroglifler bar. Hytaý dilinde esasan hem Hytaýda we Singapurda gepleşilýär. 

Wenger dili - ural diller toparyna degişli bolup, ol Wengriýa döwletiniň resmi dilidir. Şiwe sözlerine baý bolan wenger dilini ene dili hökmünde Rumyniýa, Serbiýa we Slowakiýa peýdalanýar. 

Pars dili - Owganystan hem Eýran döwletlerinde ulanylyşy taýdan has ýokary bolup, bu dil hindi-ýewropa diller toparyna degişlidir. 

Koreý dili - Koreýa Respublikasynyň resmi dilidir. Dünýä boýunça koreý dilinde 80 mln töweregi adam gürleýär. Bu dili öwrenmegiň kynçylykly taraplarynyň esasysy hem onuň grammatikasy bolup durýar. 

Ýapon dili - mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň resmi dilidir. Ol altaý dil toparyna degişlidir. Ýapon diliniň elipbiýinde 2 müňe golaý iýeroglif bar. Tutuş dünýä boýunça ýapon dilinde 140 mln adam gepleýär. 

Alban dili - hindi-ýewropa diller toparyna degişli bolup, ol Albaniýa döwletiniň resmi dilidir. Alban dili özüniň söz aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. 

Tai dili - adyndan belli bolşy ýaly, Taýlandyň resmi dilidir. Bu dil özüniň çylşyrymly elipbiýi we ýazuw alamatlary bilen mälimdir.

 

Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.