Ýurdumyzda 2019-njy ýylyň iýunynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ulanmaga berilmegi gazhimiýa pudagyny ösdürmekde aýgytly ädim boldy. Zawodda her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 410 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de ekologiýa taýdan arassa ЕСО-93 benzininiň 600 müň tonnasy, şeýle hem dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndüriler.
Zawodyň «GTG» tehnologiýa taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasyna esaslanandyr. Bu tehnologiýa ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklykda örän az mukdarda energiýa sarp edilmegi we daşky gurşawa örän az möçberde täsir ýetirmegi bilen, ýokary hilli benzin öndürmäge mümkinçilik berýär.
Ahal welaýatyndaky senagat toplumy dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, şeýle hem Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» we Daşky gurşawy goramak boýunça «Ekologiýa taýdan arassa» atly gaznanyň (ABŞ) güwänamalaryna mynasyp boldy. Ýakynda Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasynyň 2019-njy ýylda Beýik Britaniýanyň himiýa inženerleri institutynyň «IChemE Global Awards» bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edilip, nebit we gaz sylagyna hem-de Hormat hatyna mynasyp bolandygy, şeýle-de Daniýa Senagaty Konfederasiýasynyň, Dani-ýanyň Energetika Senagatlarynyň Federasiýasynyň güwänamasy bilen sylaglanylandygy barada ýene-de bir şatlykly habar gelip gowuşdy.
«Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, gazhimiýa toplumlaryny ýurdumyzyň her welaýatynda gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, Ahaldaky zawod dünýä tejribesinde önümçilikleriň innowasion görnüşi bolup durýar. Şeýle toplumyň ýene-de birini gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň oktýabrynda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» we «Sojitz Corporation» kompaniýalar toparynyň arasynda degişli Ähtnama gol çekildi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem sebitiň iri kärhanalarynyň hatarynda bolup, ol bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli nebit önümlerini öndürýär. Ol önümler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen satylýan awtoulag benzinleri, uçar kerosini, gidro usul arkaly arassalanylan dizel ýangyjy, ýol bitumlary, çalgy ýaglary, polipropilen, suwuklandyrylan gaz we beýleki harytlardyr. Bu harytlara Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary uly isleg bildirýärler. Zawodlar toplumynyň durkuny täzelemegiň birinji tapgyry amala aşyrylanda, daşary ýurtly kompaniýalaryň gatnaşmagynda, katalitik riforming hem-de millisekuntly katalitik kreking tehnologik desgalary, polipropilen toplumy, dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalaýan, şeýle hem zawodyň tehnologik ulgamlaryny zerur bolan serişdeler bilen üpjün edýän desgalar guruldy. Olar häzirki wagtda netijeli işleýär. Döwrebap ylmy-tehniki gazanylanlaryň, dünýäniň täze tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň hil derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrýar hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeldýär.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny tehnologik taýdan täzelemegiň taslamalarynyň hatarynda katalitik riforming desgasy bolup, ony «Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýasy gurdy. Netijede, zawod A-95 görnüşli ýokary oktanly benzin öndürip başlady. Desganyň kuwwaty bir ýylda şeýle önümiň 500 müň tonnasyna deňdir. Şeýle hem amerikaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, bu ýerde ýol bitumyny öndürýän tehnologik desga işe girizildi. Ol ýurdumyzda ilkinji desga bolup, onuň işi nebit çig malyny gaýtadan işlemäge esaslanandyr. Ol agyr nebit galyndylaryny, ýagny, nebit gaýtadan işlenende we ondan nebit önümleriniň esasy görnüşlerini öndürmek üçin zerur bolan düzümler alnandan soň, galýan galyndylary gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar. Şunda bu iri önümçilik düzümleriniň mümkinçilikleri içgin seljeriler, olary mundan beýläkde ösdürmegiň, toplumyň zawodlarynda önümçiligi mümkin bolan nebit önümleriniň dünýä bazarlarynda uly islege eýe görnüşlerini artdyrmagyň ugurlary kesgitlener. Bu maksatnama ähli meseleleri, şol sanda täze taslamalaryň hemmetaraplaýyn ykdysady seljermesini, olary tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň möhletini, toplumyň zawodlarynyň tehnologik shemalaryny ornaşdyrmaga degişli tehnologik we kömekçi desgalaryň kuwwatlylygyny, maýa goýumlaryň mümkin bolan çeşmelerini, sebitiň we Ýewropa bazarlarynyň nebithimiýa önümlerine isleginiň uzakmöhletleýin çaklamalaryny gurşap alar.
Ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda uglewodorodlaryň täze ýataklaryny gözläp tapmagyň, Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky we kenaryndaky nebitgaz serişdelerini senagat taýdan özleşdirmegiň, ýurdumyzyň günbataryndaky Uzynada ýatagynda gözleg gu-ýularyny burawlamagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny berkitmek boýunça taslamalary amala aşyrmak we beýleki işler bar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyl-larda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak üçin hem degişli işler amala aşyrylýar. Nebitgaz toplumynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşi gazanmakda, pudagyň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Nebitgaz we himiýa senagatynda, elektroenergetika, ulag we beýleki pudaklarda daşky gurşawa zäherli gazlaryň zyňylmagyny azaltmaga gönükdirilen çäreler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda alternatiw energetikany ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Suwuklandyrylan hem-de komprimirlenen tebigy gazy motor ýangyjy hökmünde ulanmak onuň geljegi uly ugurlarynyň biridir.
Umuman, nebitgaz senagatynyň ösüşini kesgitleýän şeýle tutumly işler ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň senagatlaşdyrylmagynyň depginlerini we eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder.