Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamy hem uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Her ýyl täze okuw ýylynyň başynda ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterleri sowgat berilýär. «Elektron kömekçileri» ulanmak arkaly mekdep maksatnamasynyň özleşdirilmegi, interaktiw multimediýa görnüşinde sapaklary geçirmek babatda toplanan baý tejribeler ýaş nesilleriň bilime bolan höwesiniň, okuwa gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär. Şunuň netijesinde, bilimiň hem hili ýokarlandy, ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin möhüm binýat bolup hyzmat etdi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçiligi çäkli çagalar üçin hem sagaldyş we bilim-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýan iri durmuş maksatly taslamanyň amala aşyrylandygyny aýratyn bellemelidiris. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak baradaky wezipeler ýurdumyzda dürli bilimleri çuňňur öwrenmäge şert döredýär. Öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek baradaky çözgüt bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädimdir. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dürli daşary ýurt dillerini çuňňur öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Türkmen ýaşlarynyň dürli dersler boýunça geçirilýän abraýly halkara olimpiadalarynda, bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Täze okuw mekdepleriniň hem-de mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň mynasyp derejede terbiýelenmegine hem-de ösmegine uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň gerimi hem barha giňelýär. Arkadagly Serdarymyz bu ulgamda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek baradaky başlangyjy bilimiň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär, çünki ol dürli ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň arasyndaky özboluşly baglanyşdyryjy halkadyr, ygtybarly köprüdir. Bagtyýar ýaşlarymyzyň alan döwrebap bilimleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda iş ýüzünde netijeli ulanylýar. Häzirki wagtda şol pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz ýurdumyzda dürli ugurda halkara ylmy maslahatlarynyň geçirilmegi, türkmen ýaşlarynyň iri halkara çärelerine, bäsleşiklere yzygiderli gatnaşmagy halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ata Watanymyzy diňe bir ösen döwletleriň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ösüşe ýetmekde hem möhüm çelgidir. Şeýle beýik bilim başlangyçlary bolsa, Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi bermek, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini äşgär edýär.
Gunça BAÝRAMMEDOWA,
Ruhubelent etrabynyň 4-nji orta
mekdebiniň mugallymy,
Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.