logo

Latest news:
✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦
Home / Politics /Ösüşiň syýasy binýady
  13.03.2026
221
Ösüşiň syýasy binýady

Häzirki zaman dünýäsiniň syýasy kartasyna nazar salanyňda, parahatçylygyň we durnuklylygyň nähili uly gymmatlykdygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Syýasy durnuklylyk diňe bir döwlet gurluşynyň durnuklylygy däl, eýsem ol halkyň geljege bolan ynamynyň, ykdysady ösüşiň we her bir ojagyň asudalygynyň kepilidir.

 

Islendik döwlet ymaratynyň berkligi onuň düýbüniň, ýagny syýasy ulgamynyň durnuklylygyna baglydyr. Durnuklylyk bar ýerinde döredijilik bar, durnuklylyk bar ýerinde bolsa belent sepgitler bar. Syýasy durnuklylygyň iň uly sütünleriniň biri — halk bilen döwletiň arasyndaky kämil sazlaşykdyr. Bu sazlaşyk jemgyýetiň agzybirligini berkidýär we her bir raýatda öz ýurdunyň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny oýarýar. Bu aýdylanlara anyk mysal edip Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny aýtmak bolar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we iňňän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Türkmenistan  bu günki gün dünýäniň üns merkezinde saklanýar.

 

Syýasy durnuklylygyň halkara derejesindäki iň täsirli guraly bolup milli diplomatiýamyz çykyş edýär. Gapma-garşylyklaryň däl-de, hyzmatdaşlygyň, dartgynlylygyň däl-de, dostlugyň tarapdary bolmak bu biziň beýleki döwletler bilen alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň altyn ýörelgeridir.  Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan eziz Diýarymyz  daşary syýasatda, döwletleriň özara ynamyny artdyryp, ählumumy howpsuzlygyň kemala gelmegine  özüniň saldamly goşandyny goşýar. Bu bolsa diňe bir sebit däl, eýsem bütin dünýä üçin parahatçylyk nusgasy bolup durýar.Durnukly syýasat — bu geljegiň anyk meýilnamasydyr. Ol ylym-bilimiň ösmegine, ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine giň ýol açýar. Syýasy taýdan durnukly döwletde medeniýet gül açýar, ykdysadyýet batly gadamlar bilen öňe barýar. Syýasy durnuklylyk diňe bir dolandyryş ulgamy däl, eýsem ol halkyň taryhyndan, däp-dessuryndan we milli ruhundan gözbaş alýan gymmatlykdyr. Biziň pederlerimiziň "Agzybire Taňry biýr" diýen parasatly jümlesi, durnuklylygyň we agzybirligiň islendik diňe biziň döwletimiziň däl, islendik döwlet ösüşiniň ruhy sütünidigini aňryýany bilen  subut edýär. Milli bitewülik haçanda syýasy akyl-paýhas bilen birleşende, döwlet sarsmaz galany ýada salýar. Hut şu nukdaýnazardan, ugur alyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde mähriban halkymyz eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýarlar. 

 

Sözümizi jemläp  aýtsak: Syýasy durnuklylyk — bu asuda asmanyň, bereketli saçagyň we bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr. Ony gorap saklamak we kämilleşdirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr, sebäbi durnuklylyk bar ýerde diňe bir şu gün däl, eýsem ertirler hem röwşenlidir.

 

Gurbanmyrat AŞYROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.