logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Agriculture /Oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär
  14.04.2023
1673
Oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär

Bagtyýar zamanamyzda obasenagat toplumyny ýokary derejede ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Toplumda kuwwatly öndürijilikli döwrebap tehnikalar we enjamlar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň däne we pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmek işinde oňyn tejribe toplandy. Agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasynyň döredilmegi ugrunda degişli işleriň alnyp barylmagyny hem bellemek gerek. Ekerançylyga, maldarçylyga smart tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ylmy-barlag edaralary tarapyndan oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde maldarçylykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin ygtybarly binýat döredilýär. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça himiýa kärhanasynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Maryazot» we «Garabogazsulfat», Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň gurulmagy bolsa oba hojalygyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa serişdeleri bilen doly üpjün etmäge ýardam edýär. Oba hojalyk ekinleriniň kesellere we zyýan berijilere garşy durnukly, her sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ýokary hilli görnüşleriniň ulanylmagy bol hasylyň esasy bolup hyzmat edýär. Türkmen alymlarynyň şeýle asylly işlere goşýan uly goşandyny bellemek has-da ýakymly. Tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylyga edilýän agrotehniki idegleri kämilleşdirmek, suwaryş ulgamynda täzeçil usullary synagdan geçirmek, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini seljermek olaryň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Oba hojalyk önümçiligini köpugurly ösdürmek maksady bilen, zerur çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk, balaryçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagy, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, dermanlyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi özüniň oňyn netijesini berýär. Daýhanlaryň ahyrky netijä bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şunuň ýaly, giň möçberli işlerde oba hojalygynda ägirt uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýan hususy pudagyň wekilleriniň giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýändikleri buýsandyryjydyr. Şeýle ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary bilen ýurdumyzyň bu kuwwatly pudagyny has-da ösdürýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! 

 

Myrat MAKSADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.