Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalyk pudagy galkynýar
  22.02.2023
908
Oba hojalyk pudagy galkynýar

Eziz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berýär. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, pudakda hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak ýaly möhüm ugurlar döwletimiziň agrar syýasatynda öz anyk beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, tohumçylyk-seçgiçilik işleri ýaly ugurlary we beýlekileri işjeň ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli ýola goýulýar. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň we topragyň önümliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw taýdan gowulandyrylmagyna üns berilýär. Oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn wezipeleri hem innowasiýa esasynda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalaryň iň täze nusgalary yzygiderli satyn alynýar. Ekerançylygy mineral, organiki dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginde ösdürilýär, öňdebaryjy tejribeler we ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň hemmesi merdana ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan köp asyrlyk tejribeleri bilen birlikde oba hojalygynyň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ulgamlaryndaky döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine saldamly goşant goşýan obasenagat toplumy örän ähmiýetli pudakdyr. Häzirki wagtda ýer bölekleri paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhletleýin bölünip berilýär. Işleriň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi we zähmetiň awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu ugurdaky işler obada iş hünärlerini ýokarlandyrmaga, ýaşlary işe çekmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ekerançylyk meýdanlarda radioaragatnaşyk boýunça topragyň, ösümlikleriň we oba hojalyk maşynlarynyň ýagdaýy barada maglumatlary berýän akylly  enjamlaryň, tehnikalaryň ornaşdyrylmagy ösen takyk ekerançylyga ýol açýar. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak arkaly suwuň ätiýaçlyk goruny döretmek, biodürlüligi we tebigy landşafty gorap saklamak, çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, bagy-bossanlyga öwürmek ýaly ulgamlarda uly işler alnyp barylýar. 

 

Aýjahan REJEPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.