Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Nur” maýonez
  17.11.2019
1130
“Nur” maýonez

   Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanalar öz önümleriniň görnüşlerini, möçberlerini barha artdyrýarlar. Ýurdumyzyň ak bazarlaryny azyk önümleri bilen üpjün etmekde, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde we olaryň möçberini artdyrmakda, ilatyň ekologiýa taýdan arassa, dürli görnüşli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyryp, ýokary hilli hyzmat etmekde baý tejribe toplaýan önüm öndüriji hususy kärhanalaryň sany ýurdumyzda gün-günden artýar.

   “Nur” haryt nyşany bilen müşderilere ýetirilýän önümler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetimiziň önümçilik sehlerinde taýýarlanýar.  2016-njy ýylda hususy kärhanalaryny açyp, telekeçilik işini ýola goýan doganlar Röwşen, Döwran Bekmämmedowlaryň öndürýän önümleri bu gün halkymyzyň bereketli saçagynyň gündelik bezegine öwrülmek bilen, daşarky bazarlara-da süýjülik ýoluny açýar. Kärhananyň dünýä belli öňdebaryjy kompanýalaryň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bölümlerinde hyýar, pomidor, bulgar burç ýaly gök önümleriň konserwirlenen, pomidoryň goýultmak görnüşleri maýonezleriň birnäçe görnüşi “Nur” haryt nyşany bilen ýurdumyzyň ak bazarlarynda tekjeleri bezeýär.

    Öndürýän önümleriniň hiline aýratyn üns berip, olaryň görnüşlerini artdyrmaga çalyşýan  kärhanada “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň ilkinji aýyndan taýýarlanyp başlanan gök önümleriň garylan “leçe” görnüşleri ilatyň göwnünden turýär. Gysga wagtyn içinde gazanylan ösüşler kärhananyň abraýyny gün-günden belende göterýär.

     “Nur” haryt nyşany bilen müşderilere ýetirilýän moýonez önümleriniň ýaglylyk derejesi 30,45,55,67 göterim bolan 900 gramlyk çüýşe gaplara gaplanan 4 görnüşi, şeýle-de 200 we 400 gramlyk ýöriteleşdirilen kiçi paketlere gaplanan görnüşleri, pomidor goýultmagynyň adaty hem ajy görnüşleri önümçilikde baý tejribesi bolan hünärmenleriň tutanýerli zähmet çekýän kämil enjamly sehinde taýýarlanýar. Beýleki önümçilik sehinde bolsa hyýar 2 görnüşde, ýagny adaty we ajy, pomidor gök, gyzyl görnüşde 0,5, 900 gramlyk çüýşe gaplarda konserwirlenýär. 1 litrlik çüýşe gapda konserwirlenen pomidor bilen hyýaryň garylan görnüşi hem öndürilýär.

    “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinden başlap önümçiligiň görnüşlerini artdyrdylar. Pomidor goýultmagy bilen burçuň garylan görnüşini hem-de badamjanyň ikrasyny taýýarlap, halka hödürlemegi ýola goýdylar, 0,5 litrlik we 720 gramlyk çäýşe gaplara gaplanan önümleri hem bazarlarmyzda mynasyp orny eýeleýär.

    Her gün gök önümleriň 8 tonnasy konserwirlenip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýar. Bu hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň ähli tapgyryna, önümleriň hiline gözegçilik edýän hil barlaghanasy hereket edýär. Taýýar önümler ýörite sowadyjy ammarlarda saklanylýar. Bu hojalyk jemgyýetinde iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy, oýlanyşykly marketigiň strategiýasy we önümlere alyjylaryň uly isleg bildirmegi ol önümleriň bir içerki bazarda we daşarky bazarlarda mynasyp orun alyp, müşderilerini köpeldýär.

       Döwriň talaplaryna laýyk söwdany ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläkde hemişe üstünliklere beslensin!