logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Society /Nowruz geldi, ilime!
  20.03.2020
1133
Nowruz geldi, ilime!

      Milli bahar baýramy  mynasybetli Änew şäherindäki “Bagt ýyldyz” toý mekanynda  dabara geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary  gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli däp-dessurlara eýerilişi, olara sarpa goýluşy, Milli bahar baýramynyň— halkara Nowruz gününiň ähmiýeti, onda berjaý edilýän toý däpleri dogrusynda söhbet açyp,  milli toý-baýramlarymyzy giňden belläp geçmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

     Bereketli toý saçagynyň  ýazylmagynda geçirilen dabarada aýdym-sazly çykyşlara aýratyn orun berildi.  Welaýatyň Medeniýet merkeziniň aýdym-saz, tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary toý zalyny alaýaza besledi. Millilige ýugrulan sungat çykyşlarynda döwrümiziň, gözel Diýarymyzyň,  Milli bahar baýramynyň waspy öz beýanyny tapdy. Baýramçylyk aýdym-sazly çykyşlar bagtyýar ýaşlaryň toý keýpiçaglygyny belende göterdi.