Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nepis türkmen tahýasy
  27.10.2022
2170
Nepis türkmen tahýasy

Türkmen halkymyzyň baý hem edebi medeni mirasy bar. Türkmen zenanlary, gelin-gyzlary köp asyrlaryň dowamynda dürli el işlerini ýerine ýetirmegiň, haly-palas dokamagyň, keşde çekmegiň, gaýma gaýamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, özboluşly tilsimlerini örän ezberlik bilen başarypdyrlar. Bu gadymy hem müdimi senet häzirki bagtyýar döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär. Çeper elli zenanlarymyz nagyşlara halkymyzyň taryhyny, öz arzuw-hyýallaryny siňdiripdirler. Türkmençilikde her bir el işiniň özboluşly ajaýyplygy hem ýerine ýetirilişi bar. Göreniňde gözüňi dokundyrýan bu ajaýyp el işleri türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, yhlasly zähmetiniň miwesidir.

Şeýle gymmatly hem ajaýyp el işleriniň biri-de türkmen tahýasydyr. Nepis keşdelenen tahýalary ähli döwürlerde geýipdirler. Tahýa degişli taryhy tapyndylary gadymy döwürlere degişli arheologiýa tapyndylarynda hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen tahýasynyň gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenlerde ähli ýaşdaky adamlar üçin aýratynlykda tahýa tikilipdir. Çaga tahýalary keteniden, nahdan bejerilip, soňra pugtama arkaly birikdirilipdir. Tahýanyň agzy jäheklenip, depesi gözden-dilden goramak üçin matanyň içine gaplanan dagdan agajyndan ýasalan dürli şekildäki dagdanjyk ýa-da şaýlar bilen bezelipdir. Gyzjagazlaryň tahýasyna kiçijek gupba ýa-da ýüpe düzülen hünji dakylypdyr. Gültahýa türkmen gyzlarynyň asyllylygyna, edepli-ekramlylygyna görk goşupdyr, akgaýma tahýa bolsa türkmen ýigitleriniň mertliginiň, batyrlygynyň nyşany bolupdyr.

Gültahýanyň depesini etegine birikdirýän «ýylanagyz» nagşydyr. Gültahýanyň iň soňky nagşy «tegbent» bolýar. «Tegbent» tegelek bent diýmegi aňladyp, ýagny «bela-beteriň öňünde bent bolsun, tahýany geýen gyzy gözden-dilden gorasyn» diýen ýagşy niýet bilen salynýar. Tahýanyň etegine, ýagny gyrasyna goýy ýaşyl ýüpekden jähek çalynýar. Tahýa başda ykjam durar ýaly, gyrmyzy gyzyl ýüpekden işilip, jähegiň gyrasyna ýörmelýär. Tahýa salynýan «ýylanagyz» nagşy bolsa ýaman gözlerden goraýar diýip yrym edipdirler. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan syzylyp çykýan owadan gültahýasynyň merkezi «gülýaýdy» nagşy bilen sünnälenip, ol gülüň täsin keşbini emele getirýär. Bu nagyş dörtburçlugyň içindäki uly bolmadyk pişme görnüşli şekillerden ybaratdyr. Gülýaýdy nagşy el işleriniň köpüsine diýen ýaly salynýar. Türkmen tahýasy ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlygymyz bolup, onda bereketli türkmen topragymyzyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri hem çeperçiligi, gözel tebigatyň ajaýyp keşbi jemlenendir.

 

Gülälek ALLAGULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.