Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Müň derdiň dermany
  24.03.2020
805
Müň derdiň dermany

      Müň bir derdiň dermany bolan üzärlik gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň janyna melhem bolan ösümlikdir onuň ysy derde dermandyr. Üzärlik türkmeniň öňde-başda peýdalanýan öz haýyrly derman otydyr. Üzärligiň melhem ysy diňe bir ýoňlajak bolýan çaganyň däl eýsem hemmäniň ýüregine giňlik berýär. Däp dessury bilýän zenan maşgala üzärligiň külünde çem gelen ýere dökýän däldir. Oba ýerlerinde ony aýak basmaz ýaly, bir çete döküp gelýärler. Üzärligiň däri-dermanlyk täsiri her bir türkmeniň maşgalasynda göz görtele bildirip durandyr. Islendik hojalyga aýak basanyňda, desse-desse bolup asylgy duran üzärlige gözüň düşýändir. Sebäbi bu derman oty halkymyzyň seždegähidir.Toý-märekesinde türkmeniň yrym-ygtykady  hem  üzärlik bilen baglydyr.Ogul öýerip,başy gyzyl kürteli gelin kejebeden düşende,mährem eneleriň biri dessine üzärligi tüsseleder.

      2017-nji ýylyň ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilende,milli lybasly, börükleri kümüş şaýly türkmen gelinleriniň üzärlik tüsseletmegi  bu dermanlyk ösümlige döwlet derejesinde üns berilýändiginiň mysalydyr.Şonda bedew atly türkmen ýigidiniň sary ýaýdan atan alawy bilen Olimpiýa stadionynyň görki bolan bedew atynyň äpet heýkeliniň depesindäki desselenip duran üzärligiň ýakylmagy bilen dünýä belli oýuny başlanypdy.

         Bu ösümligiň göz kesellerinde, soguljany aýyrmakda,dümewde, aşgazan-içege kesellerinde, diş agyryda, gury agryda, nerw ulgamynyň kesellerinde, ysmaz we ýene birnäçe kesellerde ulanylýandygy barada çuňňur maglumat beripdir.  Üzärligi haýwanat dünýäsiniň hem ulanýandygyny alymlar kesgitläpdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bürgüt öz jüýjeleriniň ganatynyň berkemegi üçin,üzärligiň gülüni beripdir. Düýe üzärligiň  bişen miweli şahalaryny iýse,dermanlyk häsiýetiniň artýandygy barada gadymy çeşmelerde beýan edilýär.Üzärligi dürli kesellerden goramak üçin öýde siňňitli, haýal,giňişliklerde bolsa burugsadyp tüsseletmeli. Il arasynda: “Üzärligi tütedip, yzyndan burçly unaş içseň, dümew ýanyňa gelmez” diýlen gürrüň hakykatda öz beýanyny tapýar. Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde üzärlik barada aýdylan gymmatly maslahatlar hem şolaryň biridir. Üzärlik baglanyşykly bu il bähbitli pikir çagalyk döwrümizde bolup geçen bir wakany ýadymyza saldy.Bu waka geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda bolup geçipdi.  Üzärlik hakynda edebiýatçy şahyrlarymyzyň birnäçe ýazan goşgulary bar.

Saýlap ýeriň ýagşysyn bitişiňde kerem bar.

Ýaz gögerip, güýze çen ýetişende kerem bar,

Topragy bagyrtlap ýatyşyňda kerem bar.

Göz diýseň ýakymly sataşaňda kerem bar,

Müň bir derdiň dermany sygnanym üzärlik.

  • diýlip üzärlik hem biziň hem halkymyzyň arasynda dilden-dile, nesilden-nesile geçip giňden ýaýran we dürli dertlere em etmek üçin ulanypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen topragynda bitýän jana melhem otlaryň, ösümlikleriň dermanlyk häsiýetini öwrenmek, dürli derman serişdelerini taýýarlamak ylymy esasynda alnyp barylýar. Bu babatda Abu-Ali Ibinsinanyň “Lukmançylyk ylymynyň kanunlary”, Muhammet Gaýmaz türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” atly kitaplary,  möhüm ähmiýete eýedir. TYA-nyň tehnalogiýa merkeziniň, Türkmenistan Oguzhan adyndaky Inžener-tehnalogiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa insitutynyň alymlarynyň tarapyndan ýurdumyzda ösýän Çerkez, Ýowşan, Üzärlik, Ýylgyn we beýlerki ösümlikleriň dermanlyk ähmiýeti seljerilýär.

Jemläp aýdanymyzda, müň bir derdiň dermany bolan üzärlik gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň jana melhem bolan ösümligidir. Onuň derdi dermandyr. Üzärlik türkmeniň öňünde başda peýdalanan öz haýyrly derman otudyr.