logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Morgentau – iň peýdaly çaý
  27.04.2023
1135
Morgentau – iň peýdaly çaý

Morgentau ýakymly ysly, tagamly we örän sagdyn çaý görnüşidir. Ol häsiýetleri bilen adaty gök çaýdan, gül güllerinden, günebakar, kameliýa güllerinden, beýleki ösümliklerden tapawutlanýar. Morgentau çaýynda gök çaý, güller, günebakar, sitrus we mango ýaglary bar. Tagamynda azajyk ajylyk, süýjülik we ajaýyp ys bar. Suwotularyň, deňziň we tokaýyň ajaýyp ysyny ýatladýandygy üçin çaýy köpler gowy görýärler. Morgentau güýçli immuniteti kepillendirýär. Bu gymmatly çaýyň durmuşy gowy tarapdan goldaýandygy, tutuş bedene peýdaly täsir edýändigi aýdylýar. Bejergi täsirinde ýürek-damar keselleriniň öňüni almak üçin polifenollar bar, erkin radikallardan bedeni arassalaýar, bedeni detoksifikasiýa etmäge, toksinleri aýyrmaga ýardam edýän taninler ýaly işjeň birleşmeler saklanýar. Bu çaý metabolizmi kadalaşdyrýar, artykmaç kaloriýany ýakmaga kömek edýär. Nerw ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, emosional stresi aýyrýar. Çaý ýapraklaryndaky antioksidantlar konsentrasiýany gowulandyrýar we akyl bozulmalarynyň ösmeginiň öňüni alýar. Gözlegçiler morgentau çaýynyň gündelik sarp edilmeginiň ýaşlygy uzaldýandygyny öňe sürýärler. Çaýda erkin radikallaryň zyýanly täsirlerini zyýansyzlandyrýan antioksidantlar bar. Çaý kosmetiki maksatlar üçin hem ulanylýar, ýaş derini saklamaga, ýygyrtlary azaltmaga we gözüň aşagyndaky haltajyklary aýyrmaga kömek edýär. Hoşboý ysly bu goşundy immunitetini güýçlendirmek isleýänler üçin amatlydyr. Antioksidantlar C witamini bilen bilelikde gorag funksiýalaryny ýokarlandyrýar. Sowuklama ýa-da dümewli adamlarda çaý içilende, alamatlar azalýar.

Morgentau çaýyny kim içmeli däl?

Morgentau çaýyny ulanmak üçin üns berilmeli ýagdaý pes gan basyşydyr. Içgini allergiki täsirlerden ejir çekýän adamlar seresaplylyk bilen ulanmalydyrlar.

Ýazgeldi KADYRMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy 
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.