Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milliligim-buýsanjym
  02.12.2019
637
Milliligim-buýsanjym

    Biziň taryhymyzyň altyn sahypalarynda öçmejek yz galdyran gadymy döwürlerimizde biziň ussat ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden çykan düşeklik halylaryndan başga-da ençeme haly önümleri dokalypdyr. Ikselikler, torbalar, çuwallar, gapylyklar, germeçler horjunlar, eýerlikler, düýedyzlyklar, argyş çuwallar, ümürdumanlar, mafraçlar-bularyň hemmesi biziň ene-mamalarymyzyň sülük barmaklaryndan çykyp biziň şu günlerimize çenli gelip ýeten öçmejek haly eserleridir, sungatdyr.

   Häzirki wagtda ýurdymyzdaky hereket edýän muzeýlere gezelenje gelýän Watandaşlarymyz, şeýle-de daşary ýurt jahankeşdeleri türkmeniň şular ýaly ajaýyp gymmatlyklaryna, olara salnan nagyşlara, olaryň dokalyşyna haýran galyp, biziň milliligimize uly baha berýärler.

    Şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Milli ,,Ak bugdaý’’ muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýat Zenanlar bölüminiň, şeýle-de Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda ,,Arkadag saýasynda ady dünýä dolan türkmen halysy’’ diýen at bilen kümüş saçly eneleriň, dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň, milli egin-eşikdäki gyz-gelinlerimiziň, talyp gyzlaryň, şeýle-de ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş eden her bir bagtyýar türkmen zenany ýurdymyzyň ösüşli günleri dogrusynda, milli buýsanjymyz bolan türkmen haly sungatyna goýulýan sarpa dogrusynda, şeýle-de özleri barada bimöçber alada edýän Hormatly Prezidentimiz barada buýsançly çykyşlary etdiler. Türkmen haly önümleriniň sergisiniň ajaýyp görnüşde gurnalmagy bolsa maslahata gatnaşyjylarda aýratyn bir täsir galdyrdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilen folklor çykyşlary, aýdymdyr-sazlary gurnalan sergä aýratyn bir millilik öwüşgünini berdi. Umuman aýdylanda bu maslahat uly üstinliklere beslenip geçdi.

    ,,Türkmenistan-rowaçlygyň Watany’’ ýylynda Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň milliligine giň ýol açyp, mukaddes däplerimizi ösdürip, halyçylyk sungatyny kämilleşdirýär, ösdürýär.

     Ady türkmen halkynyň kalbynda nagyşlara öwrülip ýazylan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!