Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Milli ykdysadyýetiň netijeli pudagy
  20.04.2023
719
Milli ykdysadyýetiň netijeli pudagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň düzüminde möhüm orny eýeleýän nebiti we gazy çykarmagyň ýokary derejesi işläp taýýarlamagyň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň çäklerinde önümçiligiň ekologik ýagdaýyna üns bermek bilen, täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalar gurulýar. Ata Watanymyz dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň strategiýasynda ýangyç-energetika toplumynyň zawodlaryny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurt bazarlarynda nebit we nebithimiýa önümlerine bolan islegden ugur alnyp tehnologik desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Munuň özi, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan arassa önümçiligi döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek üçin ýurdumyza uly möçberde maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlardyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyz dünýäniň esasy energetika döwletiniň biri hökmünde Milletler Bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekmek bilen, mundan beýläk-de maksada gönükdirilen halkara derejesindäki möhüm başlangyçlaryny dowam etmegi maksat edinýär. Halkara standartlara laýyklykda, ýurdumyzyň nebit-gaz kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, önümçiligi artdyrmaga giň mümkinçilik berýär. Bu ugurda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylmagy, bu boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi okgunly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň ýaly, netijeli ykdysady başlangyçlar, geljegi nazarlaýan iri taslamalar bolsa ata ýurdumyzyň kuwwatly döwlet hökmünde halkara derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galmagyny üpjün edýär. 

 

Rahymjan ALLAKOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.