logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy ösdürilýär
  19.12.2022
956
Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy ösdürilýär

Bagtyýar zamanamyzda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalyk pudagynyň netijeliligini artdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, döwletimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär, bu ugurdaky kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. Ýer-suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga, agrosenagat toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, bu ulgama sanly tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmaga berilýän üns barha artýar. Ýurdumyzda önümçiligi köptaraplaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, oba hojalygynda sebitleýin ýöriteleşdirmegiň netijeli usullary ornaşdyrylýar. Daýhançylyk işleriniň tejribesine bazar gatnaşyklaryny meýilnamalaýyn ornaşdyrmak, tohumçylyk hem-de seleksiýa işlerini kämilleşdirmek ýokary netijeleri berýär. Bu ugurda türkmen alymlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmek we olary önümçilige ornaşdyrmak babatdaky işleri aýratyn bellärlikdir. Ekerançylygyň agrotehniki taýdan kämilleşdirilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň synagdan geçirilmegine, geçirilýän çäreleriň netijeli bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Merdana halkymyz ene topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ussat telekeçileri oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan peýdalanyp, netijeli işleri alyp barmak bilen, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarymyzda döwrebap maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar, döwrebap ýyladyşhanalar, obasenagat toplumlary döredilýär. Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça kesgitlenen möhüm wezipeler oba hojalyk pudagynyň ösdürilmeginde ylmy taýdan esaslandyrylan usullary, sanly tehnologiýalary, suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň täze tilsimlerini ornaşdyrmaga gönükdirilen bolup durýar. Şeýle ähmiýetli işler ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bäsleşige ukyply ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge, döwletimizde azyk bolçulygyny has-da berkitmäge, daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga we netijede bolsa ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga uly mümkinçilikleri açýar. 

 

Guwanç BAÝMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.