Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly ýoly
  12.04.2023
568
Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly ýoly

Eziz Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň kuwwaty barha berkidilýär. Häzirki wagtda döwletimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler üstünlikli çözülýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça esasy wezipeler kesgitlenildi. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň milli eksport mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça ýöriteleşdirilen Maksatnamalar hem hereket edýär. Hususyýetçilige we eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligi ösdürmäge şertleri döretmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda  döwletimiziň birnäçe döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara toparlary hereket edýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işleri bu toparlaryň wezipeleriniň biri hökmünde tassyklanylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlaryny takyk belleýän agzalan resminama Watanymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, köpugurly, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmagy göz öňünde tutýar. Hususan-da, senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, innowasion häsiýetli kärhanalaryň işiniň giňden ýola goýulmagyna, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleriň döredilmegine, agrar özgertmeleri geçirmegiň esasynda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagyna, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş goraglylygynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Amatly ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini we hassahanalary, çagalar baglaryny, mekdepleri, awtomobil ýollaryny, gaz, suw, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamyny gurmaga iri maýa goýumlary gönükdirmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler utgaşykly ýerine ýetirilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetde oňyn özgertmeleri geçirmäge, döwletiň girdejilerini artdyrmaga ýardam edýär. Önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna döwletimiziň sanly ykdysady ösüşi barha ilerleýär. Bu bolsa netijeli ösüş maksatlaryna ýetmäge, bäsdeşlige ukyply, innowasion taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmäge we doly sanlylaşdyrmaga we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ähli şertleri döredýär.

 

Rozymuhammet NAÝYPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.