Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar
  13.02.2020
2093
Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar

     Taryha sersalanyňda ata-babalarymyz ömürleriniň agramly bölegini söweş meýdanlarynda geçiripdirler. Türkmenlerde haýsy öýde oglan çaga dünýä inse şol öýe Döwlet gondy hasaplanylýar. Gundagda ýatan çaganyň geljekde edermen, gaýratly ýigit bolup ýetişmegini arzuwlap Gurt, Böri, Möjek, Bürgüt ýaly atlaryň dakylmagy ýöne ýere däl. Günüň-gününe söweş, duýansyz duşmanlaryň çozuşy, obalaryň ýalmalanýanlygy üçin jeň meýdanynda gylyç syrmaly bolupdyrlar. Ine hut şu maksat bilen güýçli, akylly, gaýratly, serkerdeleri ýetişdirmek maksady bilen atabegler tarapyndan söweş tilsimleri, dünýä dilleri, edebiýat derslerinden okadylyp, terbiýeläp başlanypdyrlar. Dil bilmek ullakan bir baýlyk bolsa söweşiň manysy tilsimde. Ärlik on bolsa dokuzy hiledir-diýen atalar sözünde ata-babalarymyz gör niçiksi danalygy jemläp bilipdirler. Hemmämiziň bilşimiz ýaly taryhda türkmenleriň gazanan ýeňişleriniň aňarsynda harby tilsimleri ýatyrdy. Jeň meýdanynda edebýatdan ylymly bolan serkerdeler watan , asudalyk, ar-namys, öý-ojak hakyndaky şygarlar, aýtgylar bilen öz esgerleriniň ruhlaryny galkyndyryp ýeňşe bolan ynamlaryny artdyrypdyrlar. Parahatlygyň dostlukly goňşuçylygyň hatyrasyna türkmenler gyl ýaly bedewini, törini bezäp otyran nowjuwan gyzyny bagyş edipdirler. Emma watanyň ýeke daban topragy üçin sonky damja gana çenli söweşmekden çekilmändirler. Özleriniň san taýdan azlygyna, söweş enjamlarynyň maddy binýadynyň ejizligine garamazdan Oguzhanyň “Gylyç ýa Kepen” däbine eýerip jeň meýdanyna girip bilen adamlar biziň ata-babalarymyzdyr. Gursagynda halkyň asudalygyny maksat edinen türkmen agalary niçiksi pidalara sezewar bolanam bolsalar, söweşleriň aglaba bölegi ýeňiş bilen tamalapdyrlar.Şunça söweşleriň ýekeje maksady-Asudalykdy. Çünki her bir türkmen ýigdiniň egninde türkmen halkynyň beýik ykbaly ýatyrdy. Oguzhan türkmeniň danalyk bilen “Watan, ar-namys üçin janyny gurban eden esgerleriň jesedini ýuwmaň. Ol diňe gan dälde eýsem Watana bolan söýgüdir” –diýen pähminden ugur agan türkmen ýigitleri Watan üçin başlanan işden hergyz çetde duran däldir. Ýene bir bellenilmeli ýagdaýlaryň biri türkmenler geçmişde oglan çagalaryna kämil çykyp Watan üçin är işini bitirenden soň , eden işine görä at dakar ekenler. Çünki türkmen bolmak üçin, türkmeniň ojagynda dogulmak esasy zat däldi.
       Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramy diýlende kalbymda ençe duýgular oýandy .Ynha türkmen seniň şeýle taryhyň bar. Ynha türkmen seniň şeýle ata-babaň bar. Asyrlar boýy edilen yhlaslaryň netijesinde, Belent Serkerde Başymyzyň saýasynda bü günki gün türkmen bolup dogulmak ullakan bagta öwrüldi. Taryhda ençeme söweşi başdan geçiren türkmen topragy bu günki gün asudalykda iň belent derejä eýe boldy. Müň ýyllyklardan geçip gelýän türkmeniň ykbaly şu geçilen ýollarda nämelere duçar bolmady?! Ajy ýatlama öwrülip hakydamyzda galan Beýik Watançylyk urşynyň ýüreklere salan ýaralary heniz-henizem ýitip gidäýenok. Şer işiň soňy haýra ýazyp, Hakyň eradasy bilen türkmen saňa ýeňiş ýar boldy. Beýik ýeňşiň hatyrasyna gör nije ojaklar atasyz, ogulsyz, enesiz perzentsiz galdy. Öňem belleýşimiz ýaly ýyrtyjy ýolbars kimin jeňe giren gerçeklermiziň dogumunyň, gaharynyň aňarsynda asudalyga bolan isleg ýatyrdy. Bu günki gün türkmeniň nesli Belent Serkerde Başymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzyň myratlarynyň maksat tutan zamanalarynda ýaşaýarlar. Bu pajygaly waka ýyllaryň geçmegi bilen biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyna öwrülýär. Ýyllar ýene geçer täzeden-täze nesiller ýaşaýyşy dowam eder. Türkmeniň agyr ykbaly taryhyň gatlarynda rowaýata öwrülip galar. Çünki Gahryman Arkadagymyz öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alýan Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň ümzigi öňe.Şeýle ajaýyp zamanada bizem Watanmyza ak ýürekden gulluk etjekdigimize, gije-gündiz hyzmatymyzy gaýgyrmajaklygmyza ynandyrýarys. Gerçek ýigitlerimiz Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, mydama halkyň guwanjy-Watanyň daýanjy bolup, esgerlik kasamyna wepalylygy bilen Watanmyzyň abraýna abraý goşsunlar. Merdana türkmen halky, Gahryman Arkadagymyz “Beýik Ýeňşiň” 75 ýyllyk baýramy gutly bolsun. Hakyň eradasy bilen her bir günňiz toýdur baýramlara beslensin.