logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Politics /«Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi
  13.03.2026
356
«Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly mowzuk boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň açylyşynda institutyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, gatnaşyjylary forumyň geçirilmegi bilen gutlady.

 

Duşuşygyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdiler.

 

Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa we degişli döwletleriň wekiliýetleriniň agzalary tarapyndan çykyşlar edildi. Forumyň maksatnamasy gatnaşyjylaryň hünär tejribelerini paýlaşmagyna, şeýle hem sebit gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän netijeli meýdança hökmünde guraldy.

 

Bu duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirilip, ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga ýardam berýär.

 

Netijede, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň dialogynyň nobatdaky duşuşygy açyk pikir alyşmaga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de özara ynanyşa esaslanýan täze nesil hünärmenleriniň kemala gelmegine möhüm goşant goşýar.

 

Nurjemal HANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.