logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /“Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler
  17.12.2025
419
“Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler

2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde ikinji “B5+1” (Merkezi Aziýa ýurtlary + ABŞ) işewürlik forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Forum 6-njy noýabrda Waşington şäherinde geçirilen “C5+1” sammitiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralýar. Çäräniň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek arkaly sebitde maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.

 

Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, forumyň gün tertibine sebitiň ykdysady ösüşine itergi berjek birnäçe möhüm ugurlar girizilýär. Olar oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, elektron söwda we IT ulgamyny ösdürmek, ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek, syýahatçylyk we bank hyzmatlaryny giňeltmek bilen bir hatarda, möhüm minerallar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini hem öz içine alýar.

 

“B5+1” forumy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldamagynda alnyp barylýan “Merkezi Aziýada işewür gurşawy ösdürmek” (IBECA) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama Halkara Hususy Pudak Merkezi (CIPE) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Forum “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygyň dowamydyr we sebitde işewür gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

 

Eziz BABANAZAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Maldarçylyk önümlerini gaýtadan
işlemek kafedrasynyň uly mugallymy, taryh
ylymlarynyň kandidaty.