logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Merdana nesil-2019
  14.11.2019
1239
Merdana nesil-2019

     Babadaýhan etrabynyň okuwçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministirligi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 24 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilýän “Merdana nesil-2019” atly şadyýan bäsleşigine oňat taýarlykly geldiler. Dört tapgyrda geçirilýän şadyýan bäsleşigiň mekdep tapgyrynda birinji we ikinji orunlary eýelän okuwçylar bu synagyň etrap tapgyryna gatnaşmaga geldiler. Etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde bolan bäsleşige syn etmäge ene-atalaryň hem uly topary gatnaşdy.

     Şadyýan bäsleşige gatnaşyjylar birinji ýer boýunça türkmen halkyna mahsus merdanalygy, eziz Watanmyza bolan söýgüsini, ata-babalarmyzyň gahrymançylykly, synmaz ruhuna belent sarpasyny, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Olar ilkinji şert boýunça degişme sahnasyny görkezdiler. Şadyýan çagalar bu synagyň ahyrky şertinde Hormatly Prezidentimiziň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, gülläp ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen wasp etdiler.

      Bäsleşikde birinji orna 18-nji orta mekdebiniň 4 “B” synp okuwçysy Guldurdyýew Akmuhammet ikinji orna 3-nji orta mekdebiň 3 “A” njy synp okuwçysy, Döwrangeldiýew Kuwwatberdi mynasyp boldular. Olar bu bäsleşiginiň Ahal walaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu synagyň ýeňijileri TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hormat hatlaryna we sowgatlaryna mynasyp boldыlar.