,,Köne Sarahs”taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri Polşa döwletiniň Warşawa unwersitetiniň professory B.Kaimyň ýolbaşçylygyndaky arheologik ekspearheologik ekspedisiýasy bilen bilelikde Meleheýran arheologiýa ýadygärliginde gazuw agtaryş işlerini geçirdiler.Netijede by ýadygärlik Sasanylar döwrüne ýagny biziň eýýamymyzyň II-V asyrlaryna degişlidigi anyklandy.Ýadygärligiň beýikligi 7-metr,ini 30-metr we uzynlygy 40-metre barabar bolan esasy depeden we günbatarynda ýerleşen 5-sany uly bolmadyk gum depejiklerinden ybarat bolup 1,5 gektar ýeri tutýar. Türkmen- Polýak arheologiýa ekspedisiýasy tarapyndan üsti açylan Meleheýran arheologiýa ýadygärligi otparazlaryň ybadathanasy bolandygy belli boldy.Meleheýran ot ybadathanasy gala diwary bilen gurşalypdyr.Gazuw işleriniň dowamynda oda ybadat etmek bilen baglanşykly 8-sany otag ýüze çykaryldy. Ybadathananyň esasy otagynyň merkezinde oda ybadat edilýän ýeriň (ataşgäh) galyndylary saklanyp galypdyr,onuň palçykdan ýasalan durky öz görnüşi boýunça biri-birine gabşyrylan guýgujy, ýa-da çäge sagadyny ýatladýar.Ataşgäh otagyň gündogarynda , girelge otagy ýerleşýär we ol eýwan görnüşinde bolup,ondan insiz uzyn otaglaryň üsti bilen ataşgähe girmek mümkin bolupdyr.Eýwanyň üstüniň gümmeziniň bolandygyny çak etmek mümkin,sebäbi köp sanly gaçan kerpiçler we saklanyp galan ýarym aýlaw muňa esas berýär. Eýwanyň günorta we günbatar diwarlarynyň ýüzi ýaramaz saklanyp galypdyr, bu bolsa olaryň ýüzünde bolan nagyşlaryň ilki başdaky sudurynyň şekilini gaýtadan dikeltmegiň (rekonstruksiýa) taslamasyny düzmäge mümkünçilik bermeýär.Emma aýlaw şekilli gümmeziň saklanyp galan galyndylary onuň iç ýüzüniň dürdänelerini alamatlandyrýan asma şekiller bilen bezelendigini çaklamaga mümkünçilik berýär.Ybadathana gelen zyýaratçylar köpçülikleýin dyny däp-dessurlary hut eýwanda ýerine ýetiripdirler.Eýwanda ataşgähe geçilýän girelgäniň gabat garşysynda pagsadan gurnalan sypa , işigiň öňünde keserip dur. Ol gönüburçly aýaksyz uzyn stola çalym edýär.Bu sypa 2001-njy ýylyň gazuw möwsüminde tapyldy.Onuň uzynlygy 3,08m,beýikligi 0,88m, ini 0,6 barabar bolup, gündogar ýüzinde gipis suwagynyň üstünde güberçek görnüşde ýerine ýtirilen owadan nagyş bar. Türkmen-Polýak ekspedisiýasynyň rejeleýji hünärmeni Maigojata Soits tarapyndan dikeldiş işleri geçirilenden soňra 2007-nji ýylda ýüzi güberçek nagyşly bu pano Türkmenistanyň Milli Şekillendiriş muzeýne tabşyryldy we häzir muzeýiň sergi zalynda ýerleşýär.Eýwanyň demirgazyk we günorta diwarlarynyň aşak eteklerinde hem pagsadan ýasalan ýüzi nagyşly kiçiräk sypalar (seki) tapyldy.Olar biri-birine bakyp dur.Şeýle-de 4-nji otagyň demirgazyk diwarynyň ýüzinde reňkli suratyň galyndylary tapyldy.Merkezi sypanyň üstündäki güberçekli şekil 3-sany düwün görnüşinde bolup,bu düwünler iki dürli bezeg zoloklarynyň 8-sini bilelikde daňyp birikdirýär Eýwanyň demirgazyk we günorta diwarlarynyň aşak eteklerinde hem pagsadan ýasalan ýüzi nagyşly kiçiräk sypalar (seki) tapyldy.Olar biri-birine bakyp dur.Şeýle-de 4-nji otagyň demirgazyk diwarynyň ýüzinde reňkli suratyň galyndylary tapyldy.Merkezi sypanyň üstündäki güberçekli şekil 3-sany düwün görnüşinde bolup,bu düwünler iki dürli bezeg zoloklarynyň 8-sini bilelikde daňyp birikdirýär hem-de olar palma ýapraklarynyň suratlarynyň içinden geçirilipdir. Demirgazyk we günorta diwarlardaky suratlaryň ýüzünde nagyşlar gül şekilli äheňlerde gipsiň ýüzünde güberçek örtük (metop) görnüşde ýerine ýetirilipdir.Bu örtük iki görnüşde, ýagny haç şekilli we ýürek şekillidir.Örtügiň birinde dört sany ýorunja ýapragy biri-birine gabşyrylyp, ikileme äheňde haç şeklini döredip, bir merkeze birigip, sekiz burç ýyldyzy alamatlandyrýar.Beýleki örtükde ýorünja ýaprakly we palma ýapraklary bilen doldurylyp, ýürek şeklini döredip, bir merkeze birigip bägüli ýatladýar. Nagyşly örtükler sypalaryň ýüzünde iki hatara düzülip, olaryň arasynda inçejik göni zolak geçirilipdir.Demirgazyk sypanyň ýokary hataryndaky nagyşlar günorta sypanyň aşaky hataryndaky şekillere meňzeş.Günorta sypanyň ýokary hatary demirgazyk sypanyň aşaky hataryndaky nagyşlara meňzeş.Ýöne welin günorta sypada örtükleriň nagyşlarynyň kämahal çalşyrylyp gelýän halatlary hem bar. Meleheýran ýadygärliginde tapylan bezegli sypalaryň ýüzündäki gül we ösümlik äheňindäki şekiller şol döwürlerden bziň günlerimize ýetip gelipdir.Olary häzirki döwürde türkmen gelin –gyzlarynyň şaý-sepleriniň ýüzünde görmek bolýar.Alymlaryň pikirine görä,bu ýüzi şekilli suratlar keramatly ot saklanylýan otagyň öňünde bolmak bilen ybadathana gelen zyýaratçylary eýwanda saklap, olara sadakalaryny goýmaga mümkinçilik beripdir.Giň halk köpçiligi bilen ybadat däpleri hut şu ýerde geçirilipdir.Şol sebäbden zoroastrizmiň irki döwürlerde eýwanyň içi, gümmeziň iç ýüzi kaşaň nagyşlar we suratlar bilen bezelipdir. Şol bir wagtyň özünde merkezi sypa zyýarata gelenleri ataşgähli otaga goýbermän saklapdyr, olaryň öňünde owadan görnüşli böwet bolupdyr.Sebäbi otparaz dinine laýyklykda keramatly oduň ýanyna barmaga we oňa hyzmat etmäge aýratyn derejeli ruhanylara rugsat edilipdir.Şol zamandaky dini düşünjelere görä, ot hudaý derejesindäki but bolup, ruhanylar ony başga adamlardan gorap saklapdyrlar.Şol otagyň günbatarynda ýene bir otag bar.Oňa uly we giň girelge alyp barýar.Otagyň merkezi böleginde çig kerpiçden örülen, beýikligi 30 sm bolan belentlik ýerleşdirilip, onuň üsti dörtgraň bişen kerpiçleriň 15-si bilen 3-hatar edilip düzülipdir.Kerpiçleriň üstünde dört sany oýuk mese- mälim duýulýar, bu bolsa olaryň içi şerbetdir-içgili, iýmitli humlaryň ýerleşendigini çak etmäge esas berýär.Belki, olarda ,,Haoma”içgisi saklanandyr.Meleheýranda gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda şirmaýydan ýasalan ýüzi suratly zenan şaý-sepleri saklanýan bir bölegi, misden gulak halka, boýna dakylýan bezeg halkasy, horaz kekejini aňladýan süňkden ýasalan saça dakylýan iňňebagjyk, oýnalýan şaşka çöpleri, b.e-myzyň II-III asyrlaryna degişli köp sanly mis teňňeler,şirmaýydan ýasalan adam, it, guş şekilleri we şuňa meňzeşler tapyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň ,,Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň 26-njy sahypasynda Meleheýrandan tapylan şirmaýydan at üstündäki adam şekiliniň suratynyň ýerleşdirilmegi ekspedisiýanyň agzalary üçin guwandyryjy hadysadyr.Taryh ylmynda bütin dünýä boýunça otparazlyk (zoroastrizim) dinine degişli bolan ybadathanalaryň birnäçesi bellidir.Olardan Türkmenistanda Akdepe (Artyk), Deregez,Tagty Süleýman(Eýran) ýaly ybadathanalar bar .Meleheýranda üsti açylan ybdathana özüniň käbir aýratynlyklary bilen olardan düýpli tapawutlanýar, ony dünýäde ýeke-täk we deňi- taýy bolmadyk arheologik açyş diýip atlandyrsak, ýalňyşdygymyz bolmasa gerek.Tapylan teňňeleriň ýüzündäki suratlardan we otparazçylyk desgalarynyň galyndylaryndan belli bolşy ýaly, ataşgäh Dergezde, Tagty Süleýmanda, Türeňdepede basgançakly görnüşde bolupdyr. Emma Melehaýranda ataşgäh basgançakly görnüşde däl, onuň binýadynda beýle alamatlar duýulmaýar. Ybadathana örän gowy saklanyp galypdyr bu onuň ýene bir artykmaçlygydyr. Onuň diwarlarynyň beýikligi 4,5 metre ýetýär. Ybadathananyň binagärlik gurluşy juda üýtgeşik. Bu ýerde ataşgähiň gapdalynda goşmaça otagyň bolmagy ünsi çekýär. Ataşgähiň basgançaksyz bolmagy hem alymlary haýran galdyrýar. Orta asyrlarda meşhurlyk gazanan Sarahs binagärlik mekdebiniň ýöne ýerden döremän, onuň hut Sarahsda gurlan meleheýran ybadathanasy we şoňa meňzeş köp sanly binalaryň ussalarynyň neslinden nesle geçirilen ussatlygyndan gelip çykandygyny belläsimiz gelýär.Şol döwürlerde ulanylan binagärlik we gurluşyk usullar, görnüşler, şekiller, ýarymaýlaw diňler, gapy üsti aýlawlar, gümmezli desgalar we şuňa meňzeş beýleki zatlar soňky nesiller tarapyndan ýatdan çykarylman ösdürilip we döwriň talabyna laýyklykda kämilleşdirilip, Sarahs binagärlik mekdebiniň döremegine alyp barypdyr. Ýadygärligiň gowy saklanyp galan durky, otaglardan tapylan köp sanly we oňat saklanyp galan zatlar gadymy otparazlyk zamanasynyň däpleriniň we ykdysady-durmuş ýagdaýlarynyň nähili bolandygyny öwrenmekde alymlar üçin bu ybadathana uly ähmiýete eýe boldy .