Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýuny aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşik yglan edildi.
Bu bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky 218 belgili buýrugy bilen tassyklanan Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünnamasyna laýyklykda gurnalar. Düzgünnama esasynda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanan jemi 110 sany ukyply 6-14 ýaşly mekdep okuwçylary gatnaşarlar. Olar, bäsleşigiň birinji gününde Mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8x8)» görnüşleri boýunça öz aralarynda zehinlerini synarlar. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar Mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşinden zehinlerini we ukyplaryny görkezerler.
Bäsleşigiň jemi 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde jemlenip, ýeňijiler yglan ediler we degişli diplomlar bilen sylaglanar.
Doly maglumaty education.gov.tm salgydan görüp bilersiňiz.