logo

Latest news:
✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦
Home / Culture /Mediya-forum gecirildi
  08.01.2020
908
Mediya-forum gecirildi

   Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň guramagynda mediaforum geçirildi. 2020-nji ýylyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

    Mediaforuma çykyş edenler 2020-nji ýylyň  “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýürek buýsanjyny beýan etmek bilen, gadam basylan ýylyň şygarynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 25 ýyl dolýar. Geçen döwrüň içinde ýurdumyz halkara ykrarnamasyna eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny bütin dünýä iş ýüzünde subut etdi, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary arkaly ata Watanymyz daşary syýasatda uly üstünliklere eýe boldy.

      Mediaforumda tamamlanan ýylda Ahal welaýatynda durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada nygtalyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Türkmenistan — Bitaraplygyň  mekany” ýylynyň hem şanly wakalara, taryhy ösüş-özgertmelere beslenmegini arzuw edildi.

     Mediaforumyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna sapdy. Medeni ojagyň giň eýwanynda guralan göçme kitap sergisi hem uly täsirlere beslendi.