Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen wekiliýeti YHG-niň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alymlary täze tehnologiýalary işläp düzýärler ✦ ✦ Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ekologiýa medeniýeti boýunça gyzykly oýunly duşuşyk ✦ ✦ Ýaş ykdysadyýetçiler telekeçilik dünýäsi bilen tanyşdylar ✦ ✦ Balkan matematika olimpiadasynda altyn we kümüş medallar ✦ ✦ Tejen etrabynda hukuk sowatlylygy barada okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Mämmet Seýidowyň 100 ýyllygy Bäherdende dabaralandy ✦ ✦ Gara Seýitliýewiň 110 ýyllygy Bäherdende dabaraly bellenildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Medeniýetler bilen tanyşmak we özara dialog” atly sergi geçirildi
  12.06.2025
392
“Medeniýetler bilen tanyşmak we özara dialog” atly sergi geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä medeniýetleriniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşmaga 3-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda geçirilen “Medeniýetler bilen tanyşmak we özara dialog” atly medeni çäre giň mümkinçilikleri döretdi. Çäräniň çäginde hytaý atşynaslyk medeniýetine we ak farforynyň sungatyna bagyşlanan sergisi açyldy.

 

Sergide bedew atlaryna bagyşlanan nakgaş eserlerinde we fotosuratlarda, heýkellerde we kagyz haşamlamasynda gözelligiň we ýyndamlygyň ajaýyp şekilleri öz beýanyny tapýar. Hytaý nakgaşlygyna mahsus bolan däpleri, ýagny şol bir reňkiň dürli öwüşginleriniň inçe gözelligi bilen sazlaşýan grafiki çyzyklaýyn yzygiderligi ussatlyk bilen ulanmak, haýsydyr bir bölegi aýyrmak we beýlekilerini tapawutlandyrmak, tebigat bilen özara üznüksiz arabaglanyşygyny görkezmek, hatdatlyk sungatynyň nepisligini suratlaryň gyralaryndaky böleklerinde owadan ýerleşdirmek Ýao Disýun, Ýao Szýanpin, Sun Hunweý, Çžan Ýan ýaly hytaý ussatlarynyň eserlerinde görmek bolýar. Dokma önümleriniň suratkeşi Azygül Upuryň eserlerinde deriniň ýüzüne çekilen atlaryň keşpleri özüniň hakykylygy bilen haýran galdyrýar. Çünki bedew atlaryň reňki, durşy, endikleri jikme-jik çekilip görkezilýär.

 

Hytaý milli amaly sungatynyň ussady, heýkeltaraş Pan Deýueniň “Joşgunly bedew”, “Bagtyň, uzak ömrüň, saglygyň we abadançylygyň nyşany bolan at”, “Arap aty” atly heýkellerinde atlaryň iýmitini we guýrugyny haşamlylyk bilen suratlandyrylýar we şol bir wagtda joşgunly hereketlerden doly keşpleri janlandyrýar.

 

Hytaý amaly-haşam sungaty nesilden-nesle geçip gelýän hytaý halkynyň medeni mirasynyň bir bölegidir. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň senetleri hytaý medeniýetiniň baýlygyny we dürlüligini aýdyň görkezýär. Hytaý amaly-haşam sungatynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýän eserler dürli gymmatbaha agaçlardan we metallardan ýasalyp, dürli görnüşli daşlar, bagt getirýän jandarlaryň, aždarhalaryň, gaplaňyň, bedewiň, lotos gülüniň, guýrugyny ýaýýan bagt guşunyň, laçynyň şekilleri we nagyşlary bilen bezelipdir. Olary synlanyňda hytaý ussatlarynyň dürli çeperçilik usullary we tehnologiýalary peýdalanyp, gadymyýetden gelýän rowaýatlaryň, nyşanlaryň kömegi bilen çuňňur many-mazmunly taslamalary inçelik bilen döredendiklerine göz ýetirýärsiň.

 

Hytaý Dehua ak farforynyň sungatyna degişli heýkelleri we güldanlary bezeg üçin niýetlenipdir. Hytaý farfory özüniň göwrüm teswirlenilişi, nepis işlenilişi, ýordumlary, keşpleriň dürlüligi, ýerine ýetiriliş usuly bilen haýran galdyrýar. Sergide görkezilen Szaý Gohaýyň “Dessine gazanylan üstünlik” atly heýkel toparynda asmana tarap çapýan bedewleriň okgunly hereketleri şekillendirilýär.  Hytaýlylar aty päkligiň we ýagşylygyň nyşany hökmünde hasaplapdyrlar. Bu taslamada öňe ymtylýan milli ruh jemlenýär. Heýkeltaraşyň “Garlawajyň arkasyna basyp barýan çalt bedew” atly heýkelinde bulutlaryň içinden çapyp gelýän syratly asman bedewiniň şekili ussatlyk bilen beýan edilýär. Lin Szýan-unyň “Baýlygy peşgeş berýän aždarha” atly heýkel taslamasynda täzelenmek halyny alamatlandyrýan asmana göterilýän we kellesini ýokaryk galdyryp duran aždarhany suratlandyrýar. Aždarhanyň aşagynda görkezilen pionlaryň näzik sudurlary baýlygy we baýramçylygy aňladýar. Ak farforyň näzik we tutuklygy asudalyk duýgusyny oýarýar. Sergide görkezilen Lýen Deliniň “Mif” atly heýkelinde “ýokary derejede berk farfor boýagy we ony öndürmegiň usullary” atly patentlenen tehnologiýanyň ulanmagy bilen döredilipdir. Bu usulda ýasalan eserde adaty eşikdäki nusgawy hytaý zenan hudaýynyň näzik we nepis keşbi şekillendirilýär. Heýkeltaraş hatarlaýyn ýerleşdirilen ýuka mata epinleriň çeýeliginiň kömegi bilen gözel keşbiň syratlylygyny nygtaýar. Umuman, sergide görkezilen sungat eserlerinde farforyň  nepisligi hytaý rowaýatlarynyň gahrymanlary, gülleriň we guşlaryň şekillerini görmek bolýar. Bezegiň dürli usullaryny we köptaraplaýyn döredijilik düzgünlerini şöhlelendirýän farfor pannolary üýtgeşik täsirliligi bilen tapawutlanyp, hytaý nakgaşlygynyň we daşary ýurt sungatynyň tärlerini özünde jemleýär.

 

Hytaý halkynyň çeper däplerini we täze pikirlerini şöhlelendirýän sergi Gündogar ýurtlarynyň sungatynyň täsin gymmatlyklaryna aralaşmaga, hytaý atşynaslyk medeniýetiniň we ak farforunyň taryhy bilen tanyşmaga giň  mümkinçilik berýär.

Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy
.