Medeniýet bu islendik bir halkyň ata-babalaryndan miras galan iň gymmatly baýlygydyr. Aslynda halky beýleki halkalardan tapawutlandyrýan aýratynlyk şol halkyň ene dili bilen medenýeti bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa, türkmen medenýetiniň gülläp ösýän döwrüdir. Türkmen medenýeti diýeniňde ilki bilen türkmen halkynyň taryhy ýadigärlikleri ýadyňa düşýär. Garagumyň jümmüşinde, urgan çägeleriň arasynda gümmez bolup uzaklardan gözüňe ilýän soltan Sanjar mawzeleýinden başlap, Hoja Ýusup hemedanyň kümmeti, Guýrukly depe ýädygärligi, Gyzlar –galasy, Ýigitler galasy, Nusaý galasy, Mahmyt zamahşaryň mawzaleýi, Aksaraý diň, Gutlug Timur minarasy, Nejimetdin Kubra kümmeti, Ybraýym Edhem ýadygärlik, Aşyk aýdyň minarasy, Nalaç baba gowagy ýaly ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän birnäçe taryhy ýädigärlikler barmak basyp sanardan kän. Bu eýýäm taryhda türkmen halkynyň medenýete sungata, döredijilige baý halk bolanlygyndan habar berýär. Olaryň her haýsynyň aýratynlykda özboluşly halk arasynda ýaýran rowaýatlary bar. Bu binalar türkmenleriň özleri ýaly başlaryny belent tutup niçe ýyllaryň külpetlerini eginlerine alyp otyrlar. Megerem şonuň üçindir şu günki gün halk rowaýata öwrilen galalara zyýarata gelýäler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu günki gün biz öz taryhymyzy öwrenmäge, medenýetimizi dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleriň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda ýenede birnäçe ýadygärlikler içgin öwrenilip gazuw- agtaryş işleri geçirilýär. Türkmeniň geçmişinden habar berýän tapyndylar bolsa ýurdumuzyň çäklerindäki muzeýlerinde saklanylyp, türkmen medenýetiň bir bölegine öwrülendir. Aýratyn bellenilmeli ýagdaýlaryň biri hem Milli Liderimiz daşary ýurtlara iş saparlaryna gideninde öz ýany bilen medenýet-sungat işgärlerini alyp gidýär. Olar dünýäniň dürli künjeginde türkmeniň medenýetini,sungatyny dünýä ýaýýalar. Zergärler özleriniň bezeg işleri bilen sergi gurnasa, heýkeltaraş türkmeniň milliligi siňen eserleri bilen halk köpçiliginiň ünsini özüne çekýär. Dawaranyň soňunda ýaňlanýan küşdepdi sazyna mähelle ör turyp goşulanny duýman galýar. Ynha türkmen şu seniň medenýetiň. Medenýet halkalary dostluga, agzybirlige, bitewilige çagyrýan syrly bir ýoldur. Türkmen medenýetiniň ýene bir pudagy hem halk döredijiligi. Çagany başdan diýilşi ýaly türkmen sallançakda ýatan çagasyna hüwdi bilen ak ýollary arzuwlaýar. Dogumly,dogruçyl, batyr, ejize howandar, gaýduwsyz, watan ogly bolmagyny ýüreginden syzdyryp hüwdisi bilen beýan etýän eneler türkmene mahsus häsýetleri çagasyna dünýä inen gününden başlap öwretmäne çalyşýar . Owal başdan öwüt bilen gulagy kamata gelen çaga üme düşen gününden eýläk öý edeplerini öwredilýär. Edeplilik bolsa medenýetlilik hasaplanylýar. Keýik bökdi, Aşyk çilli, ýüzük bukdy, ýalyga towusmak ýaly oýunlarymyz halk hazynasynyň agramly bölegidir. Gyzlaryň hatar gurap owaz bilen aýtýan läleri, dünýäni alaýaz edip oýnaýan monjuk atdy oýny,eginlerini kakyp aýtýan yhhymmylna näme diýjek. Owal ahyr erkinligiň zary bolan ene-mamalarymyzyň halk döredijiligine siňen, bize miras goýan zaryn owazlaryny inni biz bagtyýarlyk döwrüň aýdymy bilen çalşyryp toýdyr baýramlaryň bezegine öwürdik. Şu zatlaryň sakasynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň Halkym diýip gijesini gündiz edip çekýän zähmeti ýatyr.
Yna bu günki gün her etrapda, obalarada medenýet öýleri bar. Her bir medenýet öýünde oglan-gyzlardan düzülen tans toprlary, uly-kiçi ýaşly adamlar zähmet çekýäler. Mundan daşaram saz gurnaklary, tans gurnaklary ýene birnäçe gurnaklar çagalara aýratyn bilim berýäler. Ajaýyp zamanada bagtly günleriň eşretini duýup ýaşaýan raýatlaryň özleriniň boş wagtlaryny oňaýly geçirmekleri üçin ýurdymyzyň ähli künjinde teatyrlar, kinokansert merkezleri ýygy-ýygydan özleriniň täze eserleri bilen çykyş edip durýarlar. Türkmeniň gülli meýdany ýadyňa salýan halysy, uly gyz ýaly şaý-sep bilen bezenen, ýelden ýyndam Ahalteke bedewi, wepalylygyň nusgasy bolan Alabaý iti,tarma-tar sünnälenip dokalan ketenisi gözelligi bilen, milliligi bilen türkmeniň bahasyz hazynasydyr. Biziň milliliklermizi ata-babalarmyz asyrlardan aşyryp şu günki güne ýetiripdirler. Halkyň milliligi şol halkyň medeniýetiniň sütünidir. Medeniýet bolsa halkyň kalbydyr.