Änewde halkara ylmy duşuşyk uly täsir galdyrdy
16-njy oktýabrda Änew şäherindäki «Ak bugdaý» muzeýinde «Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Bu çärä dünýäniň dürli künjeklerinden taryhçy alymlar, arheologlar we ylmy işgärler gatnaşdylar. Olar Masson we Sarianidi ýaly meşhur taryhçylaryň türkmen taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmatlaryny aýratyn bellediler.
Duşuşyk taryhy alymlar W.Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli guraldy. Türkmen Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, alymlar Goňurdepe, Altyndepe we Merw ýaly gadymy siwilizasiýalaryň merkezlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň gymmatlyklaryny öz çykyşlarynda aýratyn nygtadylar.
Dabarada gazuw-agtaryş işleri bilen bagly wideoşekiller görkezilip, gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny artdyrdy. Şeýle-de, çykyşlarda alymlaryň baý taryhy mirasymyzyň saklanylyşy baradaky hyzmatlaryna ýokary baha berildi. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň taryhy mirasyny dünýä ýaýmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitirýän işlerine alkyş aýtdylar.